Şwesiýanyň Ankaradaky Ilçisi Daşary Işler Ministrligine Çagyryldy

Şwesiýanyň Ankaradaky Ilçisi Daşary Işler Ministrligine Çagyryldy

Şwesiýanyň Ankaradaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Steffan Herrstrom Daşary işler ministrligine çagyryldy we Türkiýäniň Stokgolmdaky ilçihanasynyň golaýynda Gurhanyň ýakylmagyna rugsat berilmegi berk ýazgaryldy.

Türkiýäniň Stokgolmdaky ilçihanasynyň golaýynda Gurhanyň ýakylmagyna rugsat berlendigi sebäpli Şwesiýanyň Ankaradaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Steffan Herrstrom Daşary işler ministrligine çagyryldy.

ılçä Gurhanyň ýakylmagynyň berk ýazgarylýandygy we Şwesiýanyň bu tutumynyň kabul edilmesizdigi aýdyldy.

Türkiýäniň, Şwesiýadan şuňa meňzeş meçew beriji hereketlere rugsat bermezligine garaşýandygy bellenildi.

Mundan başgada şu gün ekstremist terror guramasy PKK bilen arabaglanşykly töwerekleriň Stokgolmyň merkezinde ýöriş geçirip biljekdigi ýatladyldy we terror guramasynyň ýaranlarynyň aksikaýarynyň öňüniň alynmagy üçin degişli çäreleriň görülmegi islendi.

Terror guramasynyň we ýaranlarynyň meçew beriji aksiýalarynyň Üçtaraplaýyn teswirnamanyň açyk aýdyň ýagdaýda basgylanýandygyny görkezýändigi ýatladyldy.

Ýene degişli makalalar

Çawuşogly Resmi Stokgolmdan Anyk Başlangyçlara Garaşýandyklaryny Aýtdy
Şwesiýada Gurhanyň ýakylmagyna garşy çykan pakistanly göz tussaglygyna alyndy
Üçtaraplaýyn Maslahat Yza Süýşürildi
Günorta Kawkazdaky möhüm wakalar
ABŞ-nyň Döwlet sekretary Blinken Aliýew we Paşinýan bilen duşuşyk geçirdi
Çawuşogly: "Türkiye hökmünde NATO-nyň giňelmegine garşy däldiris" diýdi
Türkiye Şwesiýada PKK bilen arabaglanşykly toparlaryň geçiren protest aksiýasyny ýazgardy