Üçtaraplaýyn Maslahat Yza Süýşürildi

Üçtaraplaýyn Maslahat Yza Süýşürildi

Türkiýäniň, Şwesiýanyň we Finlýandiýanyň arasynda fewral aýynda geçirilmegi meýilleşdirlen üçtarapaýyn maslahat yza süýşürildi.

Şwesiýada ekstremist terror guramasy PKK-nyň ýaranlary Prezident R. T. Erdogany nyşana alýan meçew beriji askiýasy geçiripdi. 21-nji ýanwarda hem Türkiýäniň Stokgolmdaky ilçihanasynyň öňünde Gurhany ýakypdy.

Ankara şol hyýanatçylykly aksiýalara berk garşylyk görkezipdi.

Daşary işler ministrligi, Şwesiýadaky aksiýalaryň jogapkärleri hakynda kazyýet işiniň gozgalmagyny talap edipdi.

Diplomatik töwerekleriň berýän habaryna görä, fewral aýynda geçirilmegi meýilleşdirlen üçtaraplaýyn maslahat hem yza süýşürildi.

Türkiýe, 28-nji iýunda Ispaniýanyň paýtagty Madritde geçirlen NATO-nyň liderler maslahatynda agzalyk üçin ýüz tutan Finlandiýa bilen Şwesiýany weto edipdi.

Terror guramasyna goldaw berýän iki ýurt bilen terrora garşy göreş boýunça teswirnama baglaşan Ankara, teswirnamanyň şertleriniň ýerine ýetirilmegine garaşýar.

Ýene degişli makalalar

Günorta Kawkazdaky möhüm wakalar
ABŞ-nyň Döwlet sekretary Blinken Aliýew we Paşinýan bilen duşuşyk geçirdi
Çawuşogly Resmi Stokgolmdan Anyk Başlangyçlara Garaşýandyklaryny Aýtdy
Çawuşogly: "Türkiye hökmünde NATO-nyň giňelmegine garşy däldiris" diýdi
Türkiye Şwesiýada PKK bilen arabaglanşykly toparlaryň geçiren protest aksiýasyny ýazgardy
Şwesiýanyň Ankaradaky Ilçisi Daşary Işler Ministrligine Çagyryldy