Şwesiýanyň Premýer ministri: "Türkiyäniň kararyna hormat goýarys" diýdi

Şwesiýanyň Premýer ministri: "Türkiyäniň kararyna hormat goýarys" diýdi

Şwesiýanyň Premýer ministri Ulf Kristersson, ýurduň paýtagty Stokgolm şäherinde Ýewropa Bileleşigi Geňeşiniň başlygy Şarl Mişel bilen duşuşyk geçirdi.

Bolan duşuşykdan soň geçirilen umumy metbugat ýygnagynda, NATO bilen bagly gepleşikleriň Türkiye bilen kadaly ýagdaýda dowam edýändigini aýdan Şwesiýanyň Premýer ministri Ulf Kristersson: "Türkiyäniň Şwesiýanyň NATO agzalygy babatynda oňyn nokatdadygyny pikir edýärin. Ahyrynda karary Türkiye kabul eder" diýip habar berdi.

NATO agza 28 ýurdyň Şwesiýanyň NATO agza bolmagyny tassyklandygyny aýdan Ulf Kristersson: "Her bir ülkäniň tassyklamak tapgyryna hormat goýarys. Şwesiýa we Finlýandiýa Türkiye bilen geçen ýylyň iýun aýynda geçirilen NATO sammitinde gol çeken Üçtaraplaýyn memorandumdaky jogapkärçiliklerini berjaý edýär.

Türkiyäniň Şwesiýadan islän gaýtaryp bermeler babatynda bolsa ozal hem belläp geçişimiz ýaly, karary kazyýet berýär.Türkiyäniň hem biz bilen bagly kabul etjek kararyna hormat goýaryn" diýip mälim etdi.

Ýene degişli makalalar

Günorta Kawkazdaky möhüm wakalar
Stoltenberg Gruziýanyň NATO we ÝB-ne Agzalygyny Goldaýar
Dünýä ýurtlary Russiýada guralan terrorçylykly hüjümi ýazgarýarlar
Wengriýa, Şwesiýanyň NATO Agzalygyny Tassyklady
Şwesiýa NATO Agza Boldy
Şwesiýanyň Premýer-ministri NATO Agzalyk Meselesi Boýunça Wengriýa Barar
Russiýa Finlýandiýa Serhedine Harby Güýç Ornaşdyrar