Şweýsariýada ýaramaz howa şertleri başdan geçirilýär

Şweýsariýada ýaramaz howa şertleri başdan geçirilýär

Şweýsariýanyň Tiçino kantonynda we onuň töwereginde ýagýan aşa ýagyşlar sebäpli, ýer süýşgünleriň başdan geçirilmek howpy bar.

Aşa ýagyşlaryň ýagan Tiçinonyň demirgazygynda ýer süşgünleriň başdan geçirilmek howpy dowam edýärkä, bu sebite her 1 ind metr ýere soňky 72 sagatda 280 mm-den gowrak ýagyş ýagdy.

Malwalýa obasynda başdan geçirilen ýer süýşgüni sebäpli ýollar ýapyldy.

Güýçli tupan bolsa Biaska, Lokarno we Walmadža sebitlerine täsir ýetirdi.

Sebitde iş alyp barýan takmynan 50 ýangyn söndüriji, ýer süýşgünlerine garşy iş alyp barýarlar.

Graubýunden we Glarus kantonlarynda aşa ýagýan ýagyşlar dowam etmek bilen birlikde, ýer süýşgünleriniň başdan geçirilmek howpy bar.

Sebitde şu gün agşama çenli tupanyň we ýagyşlaryň dowam etmegine garaşylýar.

Ýene degişli makalalar

Ýygjamlaşýan adatdan daşary tebigy hadysalar ilaty ynjalykdan gaçyrýar
Germaniýada, Çehiýada we Niderlandlarda ýagyş guýýar
Immunitet ulgamyny güýçlendirýän azyklar…
Ýadyň güýçlenmegi üçin tebigy maslahatlar…
Uzaga çeken çabga sebäpli Aşgabady we töwereklerini suw basýar
Hytaýyň demirgazygyna güýçli gar ýagdy