Immunitet ulgamyny güýçlendirýän azyklar…

Immunitet ulgamyny güýçlendirýän azyklar…

Gyş aýlarynda howanyň sowamagy sebäpli sowuklama we gripp ýaly ýokarky demalyş ýoly hassalyklary artmaga başlaýar. Gyş aýlarynda immunitet ulgamyny güýçlendirýäň azyklary saçagymyzdan egsiltmäliň.

1. Pyrtykal

Pyrtykal düzümindäki S we A witaminleriniň saýasynda gyş aýlarynda immunitet ulgamyny güýçlendirýän esasy azyklardan biridir. Emma pyrtykalyň suwunyň ýerine, onuň özüni iýmek has peýdalydyr. Ol hem süým hem-de süýji taýdan saglyga has peýdalydyr.

2. Ysmanak

Ysmanak, düzümindäki witaminler arkaly hem öýjüklerimizi goraýar we immunitet ulgamymyzyň ejislemeginiň öňüni alýar. Esasanda S witamini, A witaminimiň ulanylyşyny artdyrýar. Güýçli immunitet ulgamy üçin hepdede 2 gezek ysmanak iýmek maslahat berilýär. Emma A witamininiň netijeliligi üçin ysmanagy gaýnadyp däl, içine ýag goşulan nahar görnüşinde iýiň.

3. Balyk

Balyk hem belok hem-de selen we sink elementlerine baýdyr. Hassalyga sebäp bolýan elementleriň bedenden işlenip çykarylmagy üçin peýdaly blan omega 3; esasan gyzylbalyk, skumbriýa bilen tunes balygynda ýokarydyr. Hepdede 2-3 geze3k balyk iýmegi ýatdan çykarmaň.

4. Petruşka

Petruşkanyň düzüminde bedeni ýokançlardan goraýan S witamini bardyr. Petruşka bedendäki çişiň aýrylmagy üçin peýdalydyr.

5. Ýumurtga

Ýumurganyň agy bolsa belok taýdan iňňän baý azyklardan biri. Sarysy bolsa hem demir hem-de antioksidentlerden biri bolan A witaminini özünde jemleýär.

6. Badam we hoz

Badam bilen hoz antioksident özbolyşlygyna eýe bolan E witaminini özünde jemleýär. Şol özbolyşlyklary bilen immunitetiň goralmagyna uly goşant goşýar. İmmunitet ulgamymyzyň güýçlenmegi üçin her gün 2 hoz ýa-da 10 sany çig badam iýmek maslahat berilýär.

7. Gatyk

Her gün bir käse gatyk iýmeli. Içýän süýdüňiziň mukdaryna görä gatygy ýene-de bir käse artdyryp bilersiňiz.

Immunitet ulgamyny güýçlendirmek üçin:

· Kadaly uklamaga üns berilmeli

· Kadaly maşk etmeli

· Bol mukdarda suwklyk sarp edilmeli

· Aşa stressden çetde durmaly ýa-da stressden halas bolmak üçin hünärmenden goldaw alynmaly

· Aşa ýaglanma üns berilmeli

· Alkogol, çilim ýaly zyýanly endiklerden çetde durmaly

· El we agyz gigiýenasyna üns berilmeli

· Kadaly we ýeterlik iýmitlenme düzgünleri berjaý edilmeli. Azyklardan ýeterlik mukdarlarda we deňagramly sarp edilmeli

· Immunitet ulgamyny güýçlendiriji çaýlar

· Gök çaý

· Zenjebil çaýy

· Ada çaýy

· Immunitet ulgamyny goldaýjylar

S witamini: Gündelik durmuş şertlerinde, her gün S witamini ýeterlik mukdarda alynmaýar. Düzüminde S witamini bolan goldaýjylar şol zerurlygy gidirer.

D witamini: Bedende D witamininiň ýetmezligi ýokançlara ýygydan sezewar bolunmagy taýdan howpludyr. Esasanda gyş aýlarynda we günüň şöhlesinden ýeterlik mukdarda peýdalanmaýan adamlarda ýüze çykýan witaminiň ýetmezligi goldaýjy witaminler arkaly gidiriler.

B6 witamini: B6 witamini, immun reaksiýalarynda täsiri ýokary bolan maddalardan biridir. Ylmy barlaglar B6 witamininiň azlygy sebäpli immunitet ulgamynyň ejizleýändigini görkezýär.

Haýsy azyklardan daşda durulmaly?

Aşakdaky azyklardan mümkin gadar çetde durmak ýa-da az mukdarda sarp etmek immunitet ulgamynyň güýçlenmegi taýdan möhümdir.

· Rafinirlenen şekerli azyklar

· Trans ýaglar

· Işlenip, gaplanan azyklar (şokoladlar, çipsler we beýlekiler)

· Işlenen etler (kolbasa, sosiska we beýlekiler)

· Glýutenli azyklar (bugdaý uny, lawaş, çörek)

Ýene degişli makalalar

2021-nji ýylyň ilkinji çärýeginde Türkmenistanda azyk önümleriniň we beýleki harytlaryň bahalaryna syn
Howanyň üýtgemegi sebäpli dünýädäki her 12 hassahananyň biri ýapylmak howpunyň astyndadyr
Ýadyň güýçlenmegi üçin tebigy maslahatlar…
Şweýsariýada ýaramaz howa şertleri başdan geçirilýär
Germaniýada, Çehiýada we Niderlandlarda ýagyş guýýar
“Mançester Ýunaýted” hem-de “Arsenal” üçin ýaryş tamamlandy