Täjigistan 100 Müň Owgan Bosgunyny Kabul Eder

Täjigistan 100 Müň Owgan Bosgunyny Kabul Eder

Talibanyň Owganystandaky häkimiýetini giňeltmegi sebäpli bosgunlaryň artmagy Täjigistany herekete geçirdi.

Täjigistanyň Adatdan daşary ýagdaýlar komissiýasynyň başlygynyň orunbasary İmomali İbrahimzoda geçiren metbugat ýygnagynda serhet zolagyndaky Hatlon we Daglyk-Badahşan welaýatlarynda bosgunlar üçin gerek bolan azyklary goýmak üçin uly ammaryň gurulýandygyny beýan etdi.

ABŞ-nyň 20 ýyl dowam eden söweşden soň Owganystandan çekilmäge başlamagy sebäpli ýurtdaky dartgynlyk möwjeýär.

Taliban bilen owgan howpsuzlyk güýçleriniň arasynda möwjeýän çaknyşyklar täze bosgun tolkunlaryny emele getirdi.

ABŞ-nyň Goranmak ministrliginiň çaklamalaryna görä Taliban ýurtdaky welaýat merkezleriniň ýarysyny ele geçirdi.

Taliban 22-nji iýunda Owganystanyň demirgazygyndaky Gunduz welaýaty bilen Täjigistanyň arasyndaky Şirhan serhet gapysynda gözegçiligi ele geçiripdi.

Owganystandan maý aýynda çekilmäge başlan ABŞ bolsa, 11-nji sentýabrdaky hüjümleriň guralan gününden ozal ähli güýçlerini ýurtdaky çekjekdigini beýan edipdi.

Ýene degişli makalalar

Dünýäniň çar tarapyndan Türkiyä goldawlar gelmäge dowam edýär
Owganystanyň tapawutly welaýatlarynda sil apatlary başdan geçirildi
Owganystanda harby dikuçar ýere gaçdy
Owganystanda Sil Apaty Sebäpli 4 Adam Ýogaldy
Pakistanda Bolan Çaknyşykda 3 Esger Ýogaldy
Owganystanda uniwersitetler gyz talyplar bolmadan açyldy
Pakistanda Polisiýa Ulagyna Hüjüm Guraldy