Täjigistanda Rumynyň döredijiligine bagyşlanan forum geçdi

Täjigistanda Rumynyň döredijiligine bagyşlanan forum geçdi

Täjigistanda Döwlet diliniň güni baýram edildi, munuň bilen birlikde, şahyr Jelaletdin Balhynyň, ýagny Rumynyň güni bellendi. Şahyryň döredijiligine bagyşlanyp Rus-Täjik (Slawýan) uniwersitetinde halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi diýip, MIR 24 ýazýar.

Şahyryň poeziýasy ynsany iň beýik duýga — Watana söýgi duýgusyna ylhamlandyrýar, watançylyk we ynsanperwerlik ruhuňy galkyndyrýar. Bu möhüm zatdyr. Döwlet diliniň we Mugallymlar güni biziň Prezidentimiziň doglan güni bilen gabat geldi, bu örän bellärliklidir we aýratyn many-mazmuna eýedir diýip, Rus-Täjik (Slawýan) uniwersitetiniň habarlar merkeziniň başlygy Azizçon Rahmonow gürrüň berýär.

Täjigistanda 2009-njy ýylyň 5-nji oktýabrynda Döwlet dili hakynda täze Kanunyň kabul edilmegi bilen, täjik dili döwlet dili derejesine eýe boldy.

Ýene degişli makalalar

Anadolyda ýetişen parasatly alym Möwlana Jelaleddin Rumy
Möwlana bagyşlanan ýörite gepleşik
Ysmail Gaspyraly
Ýunus Emre we onuň edebi dünýämizde tutýan orny
Ali Şir Nowaýy
Bedewiň ýagşysy ýaryşa bolar