Täjigistanyň Futbol teleýaýlymy Özbegistan-Türkmenistan duşuşygyny göni ýaýlymda görkezer

Täjigistanyň Futbol teleýaýlymy Özbegistan-Türkmenistan duşuşygyny göni ýaýlymda görkezer

Merkezi Aziýanyň Futbol Assosiasiýasynyň milli zenanlar ýygyndylarynyň arasyndaky çempionatynyň ikinji tapgyryndan orun alan Özbegistan-Türkmenistan duşuşygy Täjigistanyň Futbol teleýaýlymynda göni efirde görkeziler. Bu barada teleýaýlymyň resmi saýtynda habar berilýär.

Özbegistan-Türkmenistan oýnunyň alyp görkezilişi 14-nji iýulda Aşgabat wagty bilen 18:50-de başlanýar. Duşuşyk bolsa sagat 19:00-da badalga alar.

Türkmenistanly futbol janköýerlerine Futbol teleýaýlymy IPTV ulgamy arkaly elýeterlidir.

Maglumat üçin, tamamlanan iki tapgyrdan soňra Türkmenistanyň ýygyndysy 2 utuk bilen üçünji ýerde barýar. Ýaryş jedwelinde birinji we ikinji ýerleri üç utukdan toplan Eýranyň we Özbegistanyň zenanlar ýygyndylary eýeleýärler. Gyrgyzystan bilen Täjigistanyň hasabynda bolsa 1 utuk bar. Biziň bu tapgyrdaky garşydaşymyz Özbegistanyň geçen oýnunda ýer eýesi Täjigistany 6-0 hasabynda ýeňlişe sezewar edendigini hem belläp geçmek gerek.

Merkezi Aziýanyň Futbol Assosiasiýasynyň milli zenanlar ýygyndylarynyň arasyndaky çempionaty aýlaw görnüşinde geçirilip, bir aýlawdan ybarat ýaryşda iň köp utuk toplan topar çempion bolar. Ýaryşda Gyrgyzystanyň, Eýranyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň zenanlar ýygyndylary çempionlyk üçin göreşýärler.

Ýene degişli makalalar

Futbol teleýaýlymy CAFA Nations Cup-2023-iň Türkmenistanyň we Täjigistanyň milli ýygyndylarynyň arasyndaky oýny göni ýaýlymda görkezer
Awazada halkara festiwal badalga aldy, Türkmenaragatnaşyk hünär ussatlygy boýunça bäsleşigiň jemini jemledi, Türkmenistanyň milli ýygyndysy Özbegistan bilen duşuşar we beýleki habarlar
eKassa ykjam programmasy AŞTU hyzmatlarynyň amatly tölegi
AŞTU: Belet Film hyzmatyny bir ýyllyk garaşaryna berilýän Belet Box týunerinde birikdirip bilersiňiz
AŞTU müşderilerine telekommunikasiýa hyzmatlary üçin tölegleri geçirilmelidigini ýatladýar
Матч ТВ türkmen boksçusynyň tutluşygyny göni ýaýlymda alyp görkezer
Türkmenistan iň arzan benzinli ýurtlaryň sanawynda 7-nji orny eýeledi, Tölegde AŞTU-nyň hyzmatlaryny tölemek mümkinçiligi döredildi, Nazir Habibowyň täze albomy we beýleki habarlar