Täze strategiýasyny işläp düzdi

Finlýandiýanyň hökümeti ýurdy Ýewropanyň wodorod energiýasynyň merkezine öwürmek we ösen arassa energiýa pudagyny döretmek maksady bilen täze strategiýa işläp düzdi.Bu strategiýa, wodorod önümçilik zynjyry bilen meşgullanýan häkimiýetleriň, kärdeşler arkalaşyklarynyň we kompaniýalaryň wekilleri bilen hyzmatdaşlykda işlenip düzüldi.

Meýilnamalara görä, ýakyn wagtda Finlýandiýanyň elektrik ulgamlary ekologiýa taýdan arassa bolmaly hem-de Ýewropa eksport etmek maksady bilen elektrik energiýasynyň bahasy bäsdeşlige ukyply bolmaly.

Bilermenler bu maksatlar üçin ýurtda ýel we gün energiýasynyň amatly gatnaşygy, şeýle hem geljekde olaryň has-da ösmegi üçin aýratyn mümkinçilige eýe bolup biljekdigini belleýärler.

Hasaplamalara görä, Finlýandiýa 2030-njy ýyla çenli Ýewropa Bileleşiginde ulanylýan zyňyndysyz wodorodyň 14%-den gowragyny öndürip biler. Şeýle hem wodorod ykdysadyýeti dürli senagat pudaklarynda importa garaşlylygy azaldar. Mundan başga-da, wodorod ykdysadyýeti 2035-nji ýyla çenli 115 müňe çenli täze iş ýerini döretmek mümkinçiligine eýedir.

Bu maksatlara ýetmek üçin Finlýandiýanyň hökümeti dürli pudaklaryň arasynda päsgelçiliksiz we çeýe hyzmatdaşlygyň zerurdygyny aýratyn nygtaýar. Şol sebäpli bu strategiýada öňde goýlan maksatlara ýetmek üçin zerur çäreler kesgitlenipdir. Wodorod ykdysadyýetini ösdürmek, ygtyýarnama amallaryny ýönekeýleşdirmek, ýaşyl elektrik önümçiliginiň ösmegine itergi bermek arkaly depgini güýçlendirip bolar diýip bilermenler aýdýarlar.

Ýene degişli makalalar

Zelenskiý Russiýanyň 300 müň esgeri mobilizlejekdigini öňe sürdi
Magtymgulynyň döredijiliginde syrly ýyllaryň beýany
Tomusky dynç alyş möwsüminde Türkmenistanyň ähli künjeklerinde 20 müňden gowrak çaga dynç aldy, Türkmenistanyň Prezidenti daýhanlary ýokary hilli bugdaý tohumy bilen üpjün etmegi tabşyrdy we beýleki habarlar
Fransiýa millionerleriň sany boýunça ilkinji üçlüge girdi
Gyrgyzystan 2024-nji ýylda Türkmenistandan import edýän elektrik energiýasynyň möçberini artdyrmagy meýilleşdirýär
Telekeçilik şertleri ilaty däl, aýratyn alnan adamlary baýadýar
Türkmenistanda 45 sany döwlet emlägi hususylaşdyrmaga berler