Taliban 4350 agzasynyň işini bes etdi

Taliban 4350 agzasynyň işini bes etdi

Talibanyň wagtlaýyn hökümediniň Goranmak ministrliginiň Saplaýyş komissiýasynyň başlygy Lütfullah Hakimi metbugata beren beýanatynda, Talibanyň adyny we wezipelerinden hyýanatçylyk bilen peýdalanan Talibanyň agzalarynyň işlerini bes etmek tapgyrynyň tamamlanandygyny habar berdi.

Soňky 5 aýda Talibanyň 4350 agzasynyň işiniň bes edilendigini aýdan Hakimi, şolaryň 135-siniň ýetginjek ýaşyna ýetmedik çagalardan ybaratdygyny mälim etdi.

Hakimi, şeýlelik bilen Talibanyň erbet adamlardan saplanandygyny aýan etdi.

Işleri bes edilen Talibanyň agzalarynyň arasynda terror guramasy DAIŞ bilen arabaglanşykly bolanlaryň hem bardygyny aýdan Hakimi, olaryň bolsa kazyýete ugradylandygyny beýan etdi.

Işleri bes edilen agzalaryndan soň Talibanyň agzalarynyň sanynyň näçe çenli peselendigi barada entek maglumat berilmedi.

Beýleki tarapdan Talibanyň wagtlaýyn hökümediniň ýurdyň täze goşunyny döretmek bilen bagly işleri dowam edýär.

Mesele bilen bagly Talibanyň wagtlaýyn hökümediniň Goranmak ministrligi, 10-njy dekabrda täze goşun döretmek bilen bagly işleriň başlandygyny habar beripdi.

Ýene degişli makalalar

Pakistanda Polisiýa Ulagyna Hüjüm Guraldy
Owganystanda uniwersitetler gyz talyplar bolmadan açyldy
Pakistanda Bolan Çaknyşykda 3 Esger Ýogaldy
Kabulda Daşary Işler Ministrliginiň Golaýynda Guralan Hüjümde 6 Adam Ýogaldy
Owganystanda Sil Apaty Sebäpli 4 Adam Ýogaldy
Owganystanda harby dikuçar ýere gaçdy
Owganystanyň tapawutly welaýatlarynda sil apatlary başdan geçirildi