Taliban, ÝB-ne Agza Ýurtlaryň Owganystandaky Ilçihanalaryny Açmagyny Isledi

Taliban, ÝB-ne Agza Ýurtlaryň Owganystandaky Ilçihanalaryny Açmagyny Isledi

Talibanyň ýolbaşçylygyndaky wagtlaýyn hökümetiň Daşary işler ministriniň wekili Emirhan Muttaki, ÝB-ne agza ýurtlaryň Owganystandaky ilçihanalaryny ýaňadandan açmagyny isledi.

Mutakki, Owganystanyň günortasynda ýerleşýän Kandagar welaýatynda, ÝB-niň Owganystan boýunça ýörite wekili Tomas Niklasson bilen duşuşdy.

Talibanyň ýolbaşçylygyndaky wagtlaýyn hökümetiň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretarynyň orunbasary Hafyz Ziýa Ahmed, duşuşyk hakynda Twitterden beren habarnamasynda, Muttakiniň Owganystan bilen ÝB-ne agza ýurtlaryň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ösdürilmelidigine we ÝB-ne agza ýurtlaryň Kabuldaky ilçihanlaryny ýaňadandan açmagynyň möhümdigine ünsi çekendigini aýtdy

Ahmed, Muttakiniň mundan başgada ÝB-niň Owganystana berýän ynsanperwer kömegi üçin minnetdarlyk bildirendigini ýatlatdy.

Taliban tarapyndan berlen beýannama görä, ÝB-niň Owganystan boýunça ýörite wekili Tomas Niklasson bolsa, Talibanyň häkimiýetiň başyna gelmeginden oň Owganystanda howpsyzlygyň üpjün edilendigini we galplyga garşy göreşde uly öňe gidişlik edilendigini belledi.

Niklasson mundan başgada Owganystana berilýän ynsanperwer kömeginiň dowam etjekdigini nygtady.

ÝB-ne agza ýurtlar, 2021-nji ýylyň 15-nji awgustynda Talibanyň Owganystanda hökümetiň başynda gelmeginden soň Kabuldaky ilçihanalaryny ýapypdy.

Ýene degişli makalalar

Russiýa Talibany terror guramalarynyň sanawyndan çykarmak boýunça iş alyp barýar
Owganystanda harby dikuçar ýere gaçdy
Owganystanda Sil Apaty Sebäpli 4 Adam Ýogaldy
Kabulda Daşary Işler Ministrliginiň Golaýynda Guralan Hüjümde 6 Adam Ýogaldy
Pakistanda Bolan Çaknyşykda 3 Esger Ýogaldy
Owganystanda uniwersitetler gyz talyplar bolmadan açyldy