Taliban Ýene-de 2 Etrabyň Gözegçiligini Ele Geçirdi

Taliban Ýene-de 2 Etrabyň Gözegçiligini Ele Geçirdi

Taliban, Owganystanyň demirgazygynda ýerleşýän Samangan we Balh welaýatlarynda 2 etrabyň gözegçiligini ele geçirdi.

Samanganyň Içeri işler müdürliginiň metbugat geňeşçisi Abdul Munir Rahimi, başbozarlaryň, Samanganyň Firuz Nahçir etrabyna ýaragly hüjüm gurandygyny aýtdy.

Hüjüm sebäpli howpsyzlyk güýçleriniň etrap merkezinden yza çekilendigini aýdan Rahimi, etrabyň yzyna alynmagy üçin ýakynda operasiýa başlatjakdyklaryny belledi.

Balh welaýatynyň Içeri işler müdürliginiň ýolbaşçylary hem Talibanyň Balhyň Özbegistan serhedinde ýerleşýän Kelder etrabynyň gözegçiligini ele geçirendigini mälim etdi.

Taliban tarapyndan berlen beýannamada bolsa soňky 24 sagatda 3 etrabyň gözegçiliginiň ele geçirlendigi öňe sürüldi.

Taliban 27-nji iýunda hem Özbegistan serhedinde ýerleşýän Balh welaýatynyň Şor Depe etrabynyň gözegçiligini ele geçiripdi.

Ýene degişli makalalar

Owganystanda harby dikuçar ýere gaçdy
Owganystanda Guralan Hüjümiň Jogapkärçiligini DAEŞ Öz Üstüne Aldy
Owganystanda uniwersitetler gyz talyplar bolmadan açyldy
Owganystanda Sil Apaty Sebäpli 4 Adam Ýogaldy
Owganystanyň tapawutly welaýatlarynda sil apatlary başdan geçirildi
Owganystandaky sil apatynda 12 adam ýogaldy
Ýewraziýa döwletleriniň gün tertibindäki wakalar