Talibanyň kararyna dünýä ýurtlary nägilelik bildirýär

Talibanyň kararyna dünýä ýurtlary nägilelik bildirýär

Soňky gezek bolsa aralarynda ABŞ, Beýik Britaniýa, Germaniýa, Fransiýa we Kanada ýaly ýurtlar bolan jemi 12 ýurduň Daşary işler ministrleri bilen Ýewropa Bileleşiginiň adyndan Daşary gatnaşyklar we Howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili Žozep Borrel umumy beýannama çap etdiler.

Beýanatda Talibanyň gyz talyplaryň uniwersitetlerde bilim almaklaryny ýatyrmak baradaky karary ýazgaryldy. Talibanyň zenanlara garşy basyş ediji çäreleriniň rehimsiz we yzygiderli ýagdaýda dowam edýändigi beýan edildi.

Beýanatda: "Taliban şol göçümleri bilen özüni owgan halkyndan we halkara jemgyýetden has hem uzaklaşdyrýar" diýip habar berildi.

Pars Aýlagy ýurtlary we Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy hem karara reaksiýa bildirdiler.

Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen Saud Arabystany, Katar, Bahreýn, Birleşen Arap Emirlikleri Talibanyň kararyna alada bildirýändiklerini, Kabulyň şol kararyndan ýüz öwürmegi barada çagyryş berildi.

Karara Türkiye hem reaksiýa bildiripdi.

Türkiyäniň Daşary işler ministrligi: "Owganystanda ähli gyz çagalaryna bilim hukugynyň kadadan çykylmadan berilmegi ýurduň asudalygy we geljegi taýdan örän möhümdir" diýip belledi we kararyň ýaňadandan gözden geçirilmegi islendi.

Prezidentiň Metbugat geňeşçisi Ibrahim Kalyn hem sosial media hasabyndan beren beýanatynda, kararyň Yslam dininiň ruhuna ters gelýändigini beýan etdi.

Beýleki tarapdan Owganystanyň Jelalabad şäherinde Talibanyň kararyny protest etmek maksady bilen demonstrasiýalar geçirildi.

Ýene degişli makalalar

Dünýä liderleri we halkara guramalar Gazadaky hüjümi ýazgarýarlar
Russiýa Talibany terror guramalarynyň sanawyndan çykarmak boýunça iş alyp barýar
Owganystanda harby dikuçar ýere gaçdy
Owganystanda Sil Apaty Sebäpli 4 Adam Ýogaldy
Kabulda Daşary Işler Ministrliginiň Golaýynda Guralan Hüjümde 6 Adam Ýogaldy
Pakistanda Bolan Çaknyşykda 3 Esger Ýogaldy
Owganystanda uniwersitetler gyz talyplar bolmadan açyldy