Talibanyň wekiliýeti owgan liderler bilen gepleşikler geçirdiler

Talibanyň wekiliýeti owgan liderler bilen gepleşikler geçirdiler

Owganystanda "Giňişleýin Yslam hökümetiniň" dörediljekdigini aýdan Taliban, Syýasy ofisiň agzasy Enes Hakkaniniň ýolbaşçylyk etmegindäki wekiliýet bilen Owganystanyň syýasatçylary bilen gepleşikler geçirdiler.

Taliban döreden wekiliýeti bilen ýurdyň ozalky Prezidenti Hamid Karzaý, Milli Ylalaşyk Ýokary geňeşiniň başlygy Abdullah Abdullah we Hizbi Yslam partiýasynyň lideri Gülbeddin Hikmetýar bilen gepleşikler geçirdiler.

Wekiliýete Talibanyň düzümlerinden biri bolan Hakkani toparynyň lideri Sirajeddin Hakkaniniň jigisi Enes Hakkani baştutanlyk etdi.

Talibanyň wekiliýeti Karzaý we Abdullah bilen gepleşikler geçirenlerinden soň Hikmetýar bilen gepleşikler geçidiler.

Gepleşikleriň düzümi barada bolsa maglumat berilmedi.

Karzaý, Abdullah we Hikmetýar Kabulyň ýekşenbe güni Talibanyň gözegçiligine geçmeginden we Prezident Aşraf Ganiniň ýurtdan çykmagyndan soň bir ýere jemlenip, geçiş tapgyrynyň parahatçylykly ýollar bilen üpjün edilmegi we howpsuzlyk bilen bagly boşlugyň emele gelmezligi üçin Utgaşdyryjy geňeşi döredendiklerini habar beripdiler.

Ýene degişli makalalar

Owganystanda Minanyň Ýarylmagy Sebäpli 9 Çaga Ýogaldy
DT: 'Taliban' häkimiýetiniň dört ýyllygynyň fonunda owgan türkmenleri bosgunlykda syýasy partiýa döretdi
Owganystandaky sil apatynda 12 adam ýogaldy
Ýewraziýa döwletleriniň gün tertibindäki wakalar
Taliban Şwesiýanyň Owganystandaky ähli işlerini togtatdy
Taliban 31-nji awgusty Milli dynç alyş güni hökmünde yglan etdi
Türkiýe, Owganystanda Guralan Hüjümi Ýazgardy