Talyp gözeli — 2024 yglan edildi

Talyp gözeli — 2024 yglan edildi

5-nji martda Türkmengaz döwlet konserniniň Medeniýet we işewürlik merkezinde Talyp gözeli — 2024 bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň zehinli talyp gyzlarynyň arasynda her ýyl yglan edilýän bu bäsleşige deslapky tapgyrlarda ýeňiji bolan talyplaryň 23-si gatnaşdy.

Bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda, oňa gatnaşýan talyp gözeller 2024-nji Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylyny dabaralandyrmak, türkmen gelin-gyzlaryna goýulýan sarpany, şeýle-de özleriniň sungata, döredijilige bolan ukyplaryny aýdymdyr goşgy, sahna çykyşlaryny ýerine ýetirmek bilen açyp görkezdiler we türkmen milli tagamy bolan unaş kesmek, keşde çekmek boýunça bäsleşdiler.

Bäsleşigiň netijelerine görä, baş baýraga Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby Akgözel Ýagmyrowa, birinji orna Türkmen döwlet maliýe institutynyň 5-nji ýyl talyby Aýgül Atdyýewa, ikinji orna Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň 2-nji ýyl talyby Aýgül Allanowa hem-de Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 1-nji ýyl talyby Gülruh Hallymyradowa, üçünji orna Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň 1-nji ýyl talyby Gunça Jumageldiýewa, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyby Ogulnäzik Myşşyýewa hem-de Halkara Ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby Leýli Ernepesowa dagy mynasyp boldy.

Talyp gözeli — 2024 atly gözellik bäsleşiginde ýeňiji bolan talyp gyzlara Diplomlar hem-de gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
Ene mähri diýen ada mynasyp bolan zenanlaryň sanawy paýlaşyldy
Türkmenistanyň raýaty türk adamsyny terk edip, emlägini hem alyp gitdi