Taýger Wuds golf boýunça täze liga geçmegi üçin hödürlenen 800 mln dollardan ýüz öwürdi

Taýger Wuds golf boýunça täze liga geçmegi üçin hödürlenen 800 mln dollardan ýüz öwürdi

Ady rowaýata öwrülen amerikaly golfçy Taýger Wuds Saud Arabystany tarapyndan maliýeleşdirilýän LIV Golf Series golf-seriýasyna gatnaşmak teklibini ret etdi. Bu barada LIV Golf Series-iň ýerine ýetiriji direktory Greg Norman habar berdi diýip, Bi-bi-si onuň sözlerini getirýär.

Golfyň ozalky professional oýunçysy we dünýä reýtinginiň lideri Normanyň sözlerine görä, bu ýaryşlara gatnaşmak üçin Wudsa 700-800 mln dollar töweregi pul hödürlenipdi.Norman şeýle diýýär: "Elbetde, eger siz oňatdan oňadyny çagyrjak bolsaňyz, bu san takmynan şol töwerek bolýar.

Başdanam olar Taýgere, men heniz ýerine ýetiriji direktor bolmankam, ýüz tutupdylar". 46 ýaşly Wudsyň özi dünýäde golfyň iň öňdebaryjy guramasy bolan PGA wepalylygyny saklap galdy.Amerikaly türgeniň sözlerine görä, "köp oýunçylar üçin uzakmöhletli geljekde munuň ýaly ädim oňyn bolar diýip hasaplamaýar".

Ýene degişli makalalar

11 ýyldan soň
Ýagşymyradow Bellator 292-de Englikasy ýeňdi, Türkmenistanda Türkiýedäki ýertitremede ejir çekenler üçin 3 milliondan gowrak türk lirasy ýygnaldy, Si Szinpin Hytaýyň prezidenti wezipesine gaýtadan saýlandy we beýleki habarlar
Golfçy Taýger Wuds taryhda üçünji milliarder türgen boldy
Ýylyň türgenleri saýlandy
Iň köp mahabat alýan türgenler
Sportuň taryhynda şu gün 30-njy dekabr