Taýlandda bäşinji gatdan gaçan erkek kişi aman galdy

Taýlandda bäşinji gatdan gaçan erkek kişi aman galdy

Taýlandda erkek kişi myhmanhananyň bäşinji gatyndan gaçyp, aman galdy diýip, Asia One neşirine salgylanýan Gazeta.ru habar berýär.

Waka ýurduň Krabi ülkesinde boldy. Singapuryň raýaty Krabi Seabass myhmanhanasynda ýerleşeninden birnäçe sagat soňra öz otagynyň penjiresinden aşak gaçdy. Ol ilki plastik üçege gaçdy, soň ýere düşdi. Şeýle belentlikden gaçsa-da, singapurlynyň diňe käbir ýerini sypjyrdandygy aýdylýar.

Ony Tiz kömek gullugy lukmançylyk barlagyndan geçirmek üçin hassahana göterdi.

Ejir çekeniň nädip bäşinji gatdan gaçandygy belli däl, ýöne tanşynyň aýtmagyna görä, ol golaýda psihiki hassalyk bilen baglylykda lukmana ýüz tutupdyr.

Ýene degişli makalalar

AÖB Türkmenistanyň gatnaşmagynda sebitara sanly geçelge taslamasyny işe girizýär
Taýlandda gijeki klubda bolan ýangynda 27 adam ýogaldy
Serdar Berdimuhamedow GDA-nyň resmi däl sammitine gatnaşdy, Türkmenistan we Türkiýe goranyş senagaty pudagynda hyzmatdaşlygy giňeldýärler, Aşgabatda ýaşlaryň üstünliklerine bagyşlanan halkara maslahat öz işine başlady we beýleki habarlar
AÇL ― 2023/24: Ahaldan ýeňlen topar Ronaldunyň garşydaşy boldy
Özbegistanyň, Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň Aziýanyň kubogy ― 2024 üçin düzümleri belli boldy
Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti Times Higher Education Awards Asia 2024-iň sekizligine girdi