TDG-niň Baş sekretaryndan Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna hoşallyk haty geldi

TDG-niň Baş sekretaryndan Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna hoşallyk haty geldi

Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Kubanyçbek Omuraliýewden türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna hat gelip gowuşdy. Bu barada TDH habar berýär.

TDG-niň Baş sekretary hatynda 2024-nji ýylyň 11-12-nji martynda Aşgabatda geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisine gatnaşan wekiliýet agzalaryna bildirilen myhmansöýerlik, şeýle hem mejlisiň ýokary guramaçylyk derejesinde guralandygy üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edýär.

--- Aksakgallar geňeşiniň duşuşygynyň ilkinji gezek TDG-ä synçy döwletde geçirilmegi Türkmenistanyň bu guramada netijeli başlangyçlar bilen doganlyk türki halklaryň ýakynlaşmagyndaky tagallalara goşýan goşandyny ýene-de bir gezek aýdyň görkezdi.

Siziň başlyklyk etmegiňizde geçirilen Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisiniň gurama agza ýurtlaryň hormatly aksakgallarynyň arasynda netijeli pikir alyşmalaryň özboluşly meýdançasy bolandygyny bellemäge şatdyryn.Munuň özi gymmatly pikirleriň hem-de maslahatlaryň öňe sürülmegine getirdi we olar Aksakgallar geňeşiniň jemleri boýunça kabul edilen Beýanatda öz beýanyny tapdy.

Biziň öňden gelýän ýörelgämize laýyklykda, aksakgallaryň ähli maslahatlarynyň TDG-niň daşary işler ministrleriniň Geňeşine we döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň garamagyna beriljekdigini Siziň Alyhezretiňize ýetirmek isleýärin.Meniň geçirilen duşuşykdaky çykyşymda belleýşim ýaly, biziň hormatly aksakgallarymyz tarapyndan öňe sürlen pikirler we maslahatlar döwlet Baştutanlarymyz tarapyndan oňyn esasda kabul edilýär hem-de doganlyk türki halklaryňdyr döwletleriň jebisleşmegine netijeli itergi berýär --- diýip, Kubanyçbek Omuraliýew iberen hatynda belleýär.

TDG-niň Baş sekretary hatynyň ahyrynda bildirilen myhmansöýerlik, doganlyk Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine berýän goldawy üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa ýene-de bir gezek hoşallygyny beýan etmek bilen:

--- Siziň Alyhezretiňize çuňňur hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň! --- diýip ýazýar.

Ýene degişli makalalar

Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň mejlisi
Aşgabatda TDG-nyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisiniň çäklerinde duşuşyk geçirildi
Türkmenistan “Otdyh-2024” sergisinde syýahatçylyk önümleri we hyzmatlary bilen tanyşdyrar
TDG-niň Baş sekretary: Türkmenistan türki dünýäsinde möhüm orun eýeleýär
Medwedew: "NATO bilen gönüden çaknyşyk howpy bar" diýdi
Kubanyň Prezidenti Eýrana Bardy