TDG-niň Baş sekretary: Türkmenistan türki dünýäsinde möhüm orun eýeleýär

TDG-niň Baş sekretary: Türkmenistan türki dünýäsinde möhüm orun eýeleýär

Türkmenistan Türk döwletleriniň guramasynda synçy döwlet bolmak bilen, türki dünýäsinde möhüm orun eýeleýär. Muny Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Kubanyçbek Omuraliýew ýurduň Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň hökümetine we türkmen halkyna iberen gutlag hatynda ýazdy.

Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyga bolan üýtgewsiz ygrarlylygy konstruktiw hyzmatdaşlyk bilen sazlaşykda halkara jemgyýetçiligiň goldawyna mynasyp bolan türkmen daşary syýasatynyň üstünlik çelgisi bolup durýar diýlip, hatda aýdylýar.

2023-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Türkmenistan Halkara Bitaraplyk gününi we BMG-niň Baş Assambleýasynyň dünýäniň 185 döwleti tarapyndan goldanylan karary bilen ykrar edilen hemişelik bitaraplyk derejesiniň 28 ýyllygyny belledi.

Ýene degişli makalalar

Türki döwletleriň halkara guramalarynyň soňky aýlarda alyp baran işleri
Türkmenistanyň Prezidenti Ýeňiş baýramy mynasybetli Moskwada geçirilýän harby ýörişe gatnaşdy
Medwedew: Türkmenistan, Russiýa ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähli ugurlarynda ýokary netijeleri gazandylar
4-nji ýanwarda günüň esasy habarlary
Kubanyň Döwlet baştutany genoside garşy işe girişmek üçin çagyryş berdi
Kubanyň Döwlet baştutany Ysraýylyň Gaza garşy hüjümlerine reaksiýa bildirdi
Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň gahrymanlaryna awtoulaglar sowgat berildi