Tehasda 9 milliona golaý adam agyz suwy meselesine duçar boldy

Tehasda 9 milliona golaý adam agyz suwy meselesine duçar boldy

ABŞ-nyň Tehas ştatynda takmynan dokuz million adam ýa-da ştatyň ilatynyň üçden bir bölegi sowuk howa sebäpli agyz suwy meselesine duçar boldy. Bu barada NBC News habar berýär.

Duşenbe güni ABŞ-nyň Döwlet gubernatory Greg Abbott Milli gwardiýanyň we harbylaryň ertirden başlap Tehas ştatynyň ilatyna agyz suwuny paýlap başlajakdygyny aýtdy.

Maglumatlara görä, häzirki wagtda Tehas ştatynyň ilatyna, eýýäm 3,5 million çüýşe suw paýlanandygy bellendi.

Abbott Tehasdaky suw geçirijileriň abatlaýyş işleriniň häzirki wagtda güýçli depginde alnyp barylýandygyny hem aýtdy

Maglumatlara görä, şu ýylyň 20-nji fewralynda ABŞ-nyň Prezidenti Jozef Baýden güýçli gar sebäpli Tehas welaýatyny ýurduň Tebigy betbagtçylyk zolagy diýip yglan etdi.

Ýene degişli makalalar

ABŞ-nyň Tehas ştatynda tokaý ýangynlary sebäpli adatdan daşary ýagdaý yglan edildi
ABŞ-da güýçli aýaz sebäpli 83 adam heläk boldy
Tehasdaky tokaý ýangynlarynda müňlerçe haýwan heläk boldy
ABŞ-da Bolan Dikuçar Heläkçiliginde 3 Esger Ýogaldy
Mask Tehasda öz şäherini gurmakçy
Gazagystan 2024-nji ýylyň aýagyna çenli nebitiň çykarylyşyny artdyrmakçy
Türkmenistan Gazagystana we Hindistana howa gatnawlaryny dikelder, Aşgabatda täze jaşaýyş jaýy ulanylmaga berildi, Serdar Berdimuhamedow ýurduň zenanlaryny 8-nji mart mynasybetli gutlady we beýleki habarlar