Tehnologiýalar merkezinde sanly ulgam arkaly enjamlary uzak aralykdan dolandyrmagyň mümkinçilikleri boýunça ylmy okuw-maslahat geçirilýär

Tehnologiýalar merkezinde sanly ulgam arkaly enjamlary uzak aralykdan dolandyrmagyň mümkinçilikleri boýunça ylmy okuw-maslahat geçirilýär

10-njy awgustda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde Ýurdumyzda sanly ulgam arkaly enjamlary uzak aralykdan dolandyrmagyň mümkinçilikleri atly ylmy okuw-maslahat geçirilýär.

Onuň dowamynda ýurtda sanly ulgam arkaly enjamlary uzak aralykdan dolandyrmagyň mümkinçilikleri; Türkmenistanda awtomatlaşdyrylan seýsmomonitoring ulgamyny döretmek; Himiýa institutynyň ylmy-barlag işlerinde sanly tehnologiýalaryň ulanylmagy bilen ýetilen sepgitler; dürli dillerdäki çeşmeleri peýdalanmakda internet ulgamynyň häzirki zaman mümkinçilikleri; Magtymguly Pyragy portalynyň maglumat gory; topragyň agrohimiki düzüminiň esasynda sanly tematiki kartalary işläp düzmek; nebit-gaz ulgamynda IT tehnologiýalary; elektrohereketlendirijileriň dolandyryş ulgamynda maglumatlary sanly ulgam arkaly geçirmekligiň netijeliligi; enjamlary uzak aralykdan dolandyrmagyň aýratynlyklary ýaly temalardan çykyşlaryň bolmagyna garaşylýar.

Ylmy maslahat 2023-nji ýylyň 10-njy awgustynda sagat 15:00-da Tehnologiýalar merkeziniň Mejlisler zalynda geçirilýär.

Salgysy: Aşgabat şäheri, Bekrewe ýaşaýyş toplumy, 2211 (Bekrewe) köçesi, 180 jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi: (+99312) 39-84-44

Ýene degişli makalalar

Balkanly harbylar Garaşsyzlyk baýramy üçin maşklara çekilýär
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW KÖPÇÜLIKLEÝIN WELOSIPEDLI ÝÖRIŞE GATNAŞDY
Serdar Berdimuhamedow köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy
7-nji aprelde Aşgabadyň käbir ýollary bölekleýin ýapylar
Aşgabatda boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresi bolar