Terminator-7-de Arnold Şwarsenegger zalym keşpde dolanyp biler

Terminator-7-de Arnold Şwarsenegger zalym keşpde dolanyp biler

Terminator baradaky täze filmde meşhur aktýor Arnold Şwarsenegger zalymyň roluny ýerine ýetirip biler, diýip evo-rus.com habar berýär.

Arnold Şwarsenegger Terminator franşizasynyň ähli filmlerinde diýen ýaly gowulygyň tarapynda göreşdi, ýöne ssenariýa boýunça bu hemişe beýle bolmandy.Ilkibaşda Terminator adamzadyň ykbalyna täsir etmek üçin geçmişe iberilen rehimsiz ganhordy.

Golliwud insaýderiniň maglumatlaryna görä, režissýor Jeýms Kemeronyň täze filminde Terminator üçin ýene-de zalym keşp taýýarlandy. Şeýle-de, täze bölüminde film “horror” žanryna geçip biler. Ýöne bu maglumat heniz resmi taýdan tassyklanmady.

Hünärmen şeýle üýtgeşmeleriň sebäbi franşizanyň soňky filmleriniň premýerasynyň şowsuzlygy bolup biler diýip çaklaýar. 2019-njy ýylda çykan “Terminator: Garaňky ykballar” kartinasy tomaşaçylary özüne çekip bilmedi, muny tankytçylaryň synlary we filmiň “Kinopoiskdäki” bary-ýogy 5,8 bal bahasy subut edýär. Ýeri gelende bellesek, “Terminator 2: Kyýamat güni” 8,4 bal gazanypdy. “Terminator” franşizasy alty filmi öz içine alýar.

Terminatora bagyşlanan ilkinji kartina 1984-nji ýylda uly ekranlara çykdy.Bu lentada, şeýle-de “Terminator 2: Kyýamat güni” (1991-nji ýyl) we “Terminator 3: Maşynlaryň gozgalaňy” (2003-nji ýyl) filmlerinde esasy roly Arnold Şwarsenegger ýerine ýetirdi. 2009-njy ýylda Kristian Beýl bilen “Halasgär gelsin” atly franşizanyň dördünji bölümi çykdy.

Golliwudly aktýor bäşinji we altynjy bölümlerde ýene-de taryha gaýdyp geldi.

Ýene degişli makalalar

Şwarsenegger ýene-de “Terminator” bolar
“Terminator 6” surata düşüriler
Şwarsenegger ABŞ-da öýsüz weteranlar üçin ýaşaýyş jaýyna pul bagyşlady
Arnold Şwarseneggeriň iň söýgüli filmi...
Terminator koronawirusa garşy sanjym etdirdi
Arnold Şwarsenegger Netflix-iň täze seriýalynda baş keşbi janlandyrar