TFF-niň kubogy ― 2023: Merw Aşgabady uly hasap bilen ýeňdi

TFF-niň kubogy ― 2023: Merw Aşgabady uly hasap bilen ýeňdi

Marynyň Merw futbol topary Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň kubogy ugrundaky ýaryşda geçiren ilkinji duşuşygynda Aşgabatdan 4:1 hasabynda üstün çykdy. Bu barada Janköýer habar berýär.

Duşuşykda ýeňiji toparyň gollaryny 21-nji we 37-nji minutlarda Alibek Abdyrahmanow, 36-njy minutda Musa Nurnazarow, 68-nji minutda bolsa Toýly Goçnazarow geçirdi. Aşgabadyň ýeke-täk goly bolsa 31-nji minutda Söhbet Allanurowyň dürs ýerine ýetiren 11 metrlik jerime urgusyndan soň geldi.

Ýaryşyň 2-nji tapgyrynda Merw ertir Şagadam bilen, Aşgabat bolsa Altyn asyr bilen duşuşar.

Ýene degişli makalalar

Ahal Köpetdag bilen Nebitçiden ýene iki futbolçyny düzümine goşdy
Merw bilen Energetik Mary welaýatynyň kubogy ugrundaky ýaryşa uly hasaply ýeňişler bilen girişdiler
Russiýa ýokary okuw mekdeplerinde Türkmenistanyň raýatlarynyň mugt bilim almak baradaky arzalaryny kabul etmegiň möhletini uzaltdy, türkmen estrada ýyldyzlary Moskwanyň konsert meýdançalarynyň birinde çykyş etdiler we beýleki habarlar
TFF-niň kubogynda golçularyň ýaryşy hem gyzyşýar
Ene mähri diýen ada mynasyp bolan zenanlaryň sanawy paýlaşyldy
Alikperow we Bäşimow janköýerlere hoşallyk bildirdi