Merw bilen Energetik Mary welaýatynyň kubogy ugrundaky ýaryşa uly hasaply ýeňişler bilen girişdiler

Merw bilen Energetik Mary welaýatynyň kubogy ugrundaky ýaryşa uly hasaply ýeňişler bilen girişdiler

Ozal hem habar berşimiz ýaly, şu gün futbol boýunça Mary welaýatynyň kubogy ugrundaky ýaryşa badalga berildi.

1-nji tapgyrda A we B toparçalaryň her birinde bir duşuşyk geçirildi. A toparçada Ýokary liganyň wekili Merw Murgap toparyny 9:0 hasabynda ýeňdi. B toparçada bolsa Ýokary liganyň ýene bir wekili Energetik Ýolöten toparyny 7:1 hasabynda ýeňdi.

Ertir ― 15-nji maýda ýene-de 1-nji tapgyryň çäginde iki duşuşyk geçiriler. Olarda Kuwwat bilen Hereket, Olimp bilen hem Baýramaly güýç synanyşar.

Mary welaýatynyň kubogy. 14.05.2022 ý. 1-nji tapgyr

A toparça

Merw ― Murgap ― 9:0.

Gollar: Alibek Abdyrahmanow 4, Azat Orazmuhammedow 10, Orazberdi Myradow 34, Toýly Goçnazarow 36, Söhbet Allanurow 44, Kemal Annamuhammedow 58, 88, Nurmuhammet Allaýarow 62, Mekan Parahadow 79.

B toparça

Energetik ― Ýolöten ― 7:1.

Gollar: Rahmet Şermetow 2, Guwanç Ýagmyrow 7, 25, 45, Musa Nurnazarow 43, Perman Hallyýew 67, Serdar Annamämmedow 77 ― Ata Öwezow 58.

Ýene degişli makalalar

Ahal Köpetdag bilen Nebitçiden ýene iki futbolçyny düzümine goşdy
Russiýa ýokary okuw mekdeplerinde Türkmenistanyň raýatlarynyň mugt bilim almak baradaky arzalaryny kabul etmegiň möhletini uzaltdy, türkmen estrada ýyldyzlary Moskwanyň konsert meýdançalarynyň birinde çykyş etdiler we beýleki habarlar
TFF-niň kubogy ― 2023: Merw Aşgabady uly hasap bilen ýeňdi
TFF-niň kubogynda golçularyň ýaryşy hem gyzyşýar
Merw AFK-nyň kubogynyň saýlama tapgyrynda Gyrgyzystanyň Alaýyndan üstün çykdy
Ene mähri diýen ada mynasyp bolan zenanlaryň sanawy paýlaşyldy