TFF-niň kubogynda golçularyň ýaryşy hem gyzyşýar

TFF-niň kubogynda golçularyň ýaryşy hem gyzyşýar

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň kubogy ugrundaky ýaryşyň 1-nji tapgyrynyň duşuşyklaryndan soň Merwiň wekili Alibek Abdyrahmanow iň netijeli futbolçylaryň başyny çekýär ― diýip, Janköýer sport saýty ýazýar.

Tejribeli ýarym goragçy 1-nji tapgyrda Aşgabadyň derwezesinden iki pökgi geçirdi. Duşuşykda Merwiň 4:1 hasabynda ýeňiş gazanandygyny ýatladýarys.

Şeýle hem 1-nji tapgyrda Merwden Musa Nurnazarow bilen Toýly Goçnazarow, Aşgabatdan Söhbet Allanurow, Altyn asyrdan Wahyt Orazsähedow, Ahaldan Daýanç Meredow, Şagadamdan Guwanç Abylow dagylar bir pökgüden geçirdiler.

Ahalyň goragçysy Şöhrat Söýünow bolsa ýaryşyň şu möwsüminde öz derwezesine pökgi geçiren ilkini futbolçy boldy.

1-nji tapgyr derwezelere 9 pökginiň geçirilmegi bilen tamamlandy. Diýmek, TFF-niň kubogy ― 2023-iň 10-njy goluna ertirki duşuşyklarda garaşyp bileris.

Ýene degişli makalalar

Russiýa ýokary okuw mekdeplerinde Türkmenistanyň raýatlarynyň mugt bilim almak baradaky arzalaryny kabul etmegiň möhletini uzaltdy, türkmen estrada ýyldyzlary Moskwanyň konsert meýdançalarynyň birinde çykyş etdiler we beýleki habarlar
Ahal Köpetdag bilen Nebitçiden ýene iki futbolçyny düzümine goşdy
TFF-niň kubogy ― 2023: Merw Aşgabady uly hasap bilen ýeňdi
Merw bilen Energetik Mary welaýatynyň kubogy ugrundaky ýaryşa uly hasaply ýeňişler bilen girişdiler
TÝL ― 2023: 14-nji tapgyrdan soň gyzykly hasaplamalar
Nazir Habibowyň täze klibi, bilim ulgamynda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklar pugtalandyrylýar, 2023-nji ýylyň maý aýynda geçiriljek medeni çäreleriň maksatnamasy we beýleki habarlar