TFF-niň ýolbaşçysy we Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň baş tälimçisi Merkezi Aziýa döwletleriniň futbol birleşmeleriniň ýolbaşçylarynyň maslahatyna gatnaşdylar

TFF-niň ýolbaşçysy we Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň baş tälimçisi Merkezi Aziýa döwletleriniň futbol birleşmeleriniň ýolbaşçylarynyň maslahatyna gatnaşdylar

Türkmenistanyň futbol Federasiýasynyň başlygy Arslan Aýnazarow we ýurduň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Mergen Orazow Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzstanyň we Özbegistanyň futbol birleşmeleriniň ýolbaşçylarynyň maslahatyna gatnaşdylar.

Duşuşykda taraplar halkara derejesindäki futbol ýaryşlaryny, şol sanda dürli ýaş derejelerindäki toparlaryň arasynda birinjiligi geçirmek mümkinçiligine seretdiler. Duşuşyk Yssykkölde Gyrgyzstanda geçdi diýip, Gyrgyz futbol birleşmesi (GFB) habar berýär.

Taraplar hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça meýilnamalar, bilelikdäki taslamalaryň esasy aspektleri, şeýle hem infrastrukturany kämilleşdirmek üçin gelejekdäki işler, işgärler çeşmesini pugtalandyrmak we gerekli maliýeleşdirmäni üpjün etmek barada pikir alyşdylar.

Duşuşygyň netijeleri boýunça meýiller barada teswirnama gol çegilmegi ylalaşyldy, bu bolsa iş toparynyň döredilmegi üçin esas bolup hyzmat eder, onuň wezipesi Merkezi Aziýanyň türki dilli ýurtlarynda futbolyň ösüşiniň barşyny kämilleşdirmegiň üstünde işlemek bolar.

Duşuşygyň barşynda birleşmeleriň ähli ýolbaşçylary hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmak üçin isleg we taýýarlyk bildirdiler diýip, GFВ-de duşuşygyň jemleri barada belliklerini aýtdylar.

Ýene degişli makalalar

Konstitusion özgertmeler döwrüň talabydyr
Belarusda Özbek gyzy atly çeper filmiň surata alnyş işleri tamamlandy
Merkezi Aziýanyň we Hindistanyň Futbol assosiasiýalary özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekişdiler
Merkezi Aziýanyň Futbol federasiýalary Dünýä çempionatyny geçirmegiň mümkinçiligini maslahatlaşdylar
Gazagystan bilen Özbegistan 2034-nji ýylda Futbol boýunça dünýä kubogyny geçirmek üçin ýüztutma bermegi meýilleşdirýärler
Aşgabatda ulag we logistika pudaklary boýunça halkara forum geçiriler, Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 31 ýyl doldy, FIFA-nyň ýolbaşçysy ilkinji gezek Türkmenistana geler we beýleki habarlar