Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda şu ýyl 811 müň tonnadan gowrak awtomobil benzini öndürildi. Bu bolsa meýilnamada görkezileninden 208 müň tonna artykdyr ― diýip, Jeyhun.news ýazýar.
Öndürilen harytlyk önümiň 469 tonna töweregi A-95, 279 tonna töweregi A-92 we takmynan 64 müň tonnasy A-80 kysymly benzindir. Şonuň ýaly-da, hasabat döwründe kerosiniň ähli görnüşleriniň 218 müň tonna töweregi öndürildi.
Ýeri gelende aýtsak, TNGIZT-de ýylyň başyndan bäri 2 million 389 müň tonnadan gowrak nebit gaýtadan işlenildi. Şonda 103,6 göterim ösüş depgini gazanyldy.
Bu ýerde ýangyç we nebit-himiýa önümlerini 20-den gowrak görnüşi öndürilýär. Onuň bir bölegi daşary ýurtlara eksport edilýär.
