TNGIZT täze desgalary gurjak taraplary gözleýär

TNGIZT täze desgalary gurjak taraplary gözleýär

Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny harytlar bilen üpjün edijileri bäsleşik (tender) esasynda kesgitleýän toparyň adyndan bir gije-gündizde öndürijiligi 15 000 m3 bolan kenarýaka sorujy bekedinde täze obýektleriň we deňiz suwuny süýjediji desganyň taslamasyny düzmek we olary gurmak boýunça halkara tender yglan etdi. Bu barada türkmen metbugaty habar berdi.

Size Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň HYG bölüminde teklip edilýär:

Bäsleşik boýunça teklipler bildiriş çap edilen gününden 45 (kyrk bäş) iş günleriniň dowamynda ýerli wagt bilen sagat 17:00 çenli kabul edilýär.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär.

Bäsleşik teklipleri görkezilen salga eltmeli, resminamalara hasap belgisine pul serişdeleri geçirilenden soňra serediler.

Söwda tekliplerini iki sany möhürlenen bukjada tabşyrmaly. Birinji bukjada tehniki häsiýetnamalar, ikinji bukjada bolsa söwda teklipleri görkezilen bolmaly.

Habarlaşmak üçin telefonlar: +993 243 9-62-33; +993 243 6-04-98.

Faks: +993 243 6-04-39.

Elektron salgysy: tngizt@tngizt.gov.tm

Ýene degişli makalalar

2026-njy ýylyň Türkmenistanyň Naýbaşy futzal ligasynyň deslapky tapgyrynyň ikinji aýlawyna badalga berildi
TNGIZT-de şu ýyl 800 müň tonnadan gowrak benzin öndürildi
Şerepli gaz ýatagyndan tebigy gazyň senagat akymy alyndy
Iýul soňky hepde: eksport geleşikleri $46 milliondan geçdi
TNGIZT-de hapalaýjy maddalara gözegçilik edýän awtomatlaşdyrylan ulgam ornaşdyrylar
“Abadan haly” AGPJ halylaryň täze görnüşlerini öndürip başlady
Türkmenistanyň birža söwdalarynda geçen hepdede 52 geleşik baglaşyldy