2026-njy ýylyň 7-nji maýynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A.Baýramow Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň Daşky gurşaw boýunça komitetiniň başlygy, Ýapon-Türkmen Parlamentara dostluk toparynyň agzasy Takuma Miýaji bilen duşuşdy.
Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.Gepleşikleriň dowamynda Ilçi A.Baýramow türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine goşýan şahsy goşandy we tagallalary üçin ýapon tarapyna minnetdarlyk bildirdi.
Taraplar parlamentara diplomatiýasynyň mümkinçiliklerini giňeltmek, hususan-da, syýasy partiýalaryň arasyndaky gatnaşyklary täze derejä çykarmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.Bu ugurda Türkmenistanyň Demokratik partiýasy bilen Ýaponiýanyň Liberal Demokratik partiýasynyň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmagyň ähmiýeti bellenilip geçildi.
Mundan başga-da, daşky gurşawy goramak, oba hojalygy we atçylyk pudagy ýaly özara bähbitli ugurlarda amaly hyzmatdaşlygy ilerletmek boýunça pikir alyşyldy.
