Tomus pasly üçin peýdaly maslahatlar

1. Sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli, arassalanan agyz suwuny ýeterlikli mukdarda içmeli.

2. Lukmanyň bellän bejergisini we berhizini dogry berjaý etmeli. Gan basyşyny gözegçilikde saklamaly.

3. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaly.

4. Zyýanly endiklerden daşda durmaly.

5. Witamin С askorbin turşusyna baý önümleri iýmeli.

6. Iş ýeriňizde we öýüňizde otaglaryň howasynyň tämiz bolmagyny gazanmaly.

7. Keseliň ilkinji alamatlary ýüze çykan ýagdaýynda hökman maşgala lukmanyna ýüz tutmaly. Derman serişdelerini, şol sanda antibiotikleri özbaşdak ulanmaly däl.

8. Şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünlerini berjaý etmeli.

9. Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlary maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp, yzygiderli içmeli.

10. Gök önümleri iýmezden öň, talaba görä arassalamaly.

11. Iýmit zäherlenmeleriň we ýiti içege ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen, iýmit önümlerine bildirilýän arassaçylyk talaplaryny dogry berjaý etmeli, olary söwda merkezlerinden satyn almaly, salkyn öý şertlerinde talabalaýyk saklamaly, belgileniş nyşanynda görkezilen möhletine laýyklykda ulanmaly.

12. Tomus paslynyň talaplaryna laýyklykda geýinmeli.

13. Tomus paslynda dürli mör-möjekleriň köpelýändigini nazara alyp, olaryň çakmagyndan goranmaly.

14. Günüň göni düşýän ýiti şöhlesinden goranmaly, başgap geýmeli ýa-da ýaglyk daňynmaly.

15. Howuzlarda we deňizde suwa düşülende suwa düşmekligiň tertip-düzgünlerini berjaý etmeli.

16. Sagdyn iýmitlenmek üçin tomus paslynda kakadylan we şöhlat önümlerini ürç edip iýmeklikden saklanmaly.

17. Öý şertlerinde azyk önümleriniň gaplanýan wagty, gaplama usullarynyň arassaçylyk talaplaryny berk berjaý etmeli.

18. Gap-çanak saklanylýan we nahar bişirilýän ýerler arassa bolmaly.

19. Öýden çykarylýan zyňyndylary zir-zibil üçin niýetlenen polietilen haltajyklara ýerleşdirip zyňmaly.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we

derman senagaty ministrliginiň

Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.

Ýene degişli makalalar

Tomus paslynda möwsümleýin keselleriň öňüni almak üçin peýdaly maslahatlar
Sagdyn ýaşaýyş üçin maslahatlar
Mekdepler 'galplyk ojagyna' öwrüldi, çagalara jogapkärçiliksizlik öwredilýär
Wladimir Zelenskiý Galla geçelgesi bilen bagly beýanat berdi
TÄZE KITAPLAR
Jöwzaly yssydan goranalyň!