Beýleki täzelikler

Toni Fergýusonyň indiki garşydaşy belli boldy

Toni Fergýusonyň indiki garşydaşy belli boldy

12-nji dekabrda Las Wegasda geçiriljek UFC 256 turniriniň çäginde Çarlz Oliweýra bilen Toni Fergýusonyň arasynda söweş bolar. Bu barada discover24.ru habar berýär.

Promouşeniň prezidenti Dana Uaýt söweşijileriň arasynda şertnama gol çekilendigi baradaky maglumaty eýýäm tassyklady.

Bu söweş Fergýusonyň 2020-nji ýylyň maýyndan bäri ilkinji söweşi bolar. 36 ýaşly Fergýuson ozal Konor Makgregora söweşmegi teklip edipdi, ýöne ol Dastin Porýe bilen söweşmek isleýändigi sebäpli, bu söweşden ýüz öwürdi. Soň ol Maýkl Çendlere hem ýüzlendi. Maýkl söweşmäge garşy däldigini aýtdy, ýöne Fergýusona laýyk gelmeýän başga bir senäni teklip etdi.

Ýatlap geçsek, Toni Fergýusonyň soňky söweşi şowsuz tamamlandy. Jastin Getjä garşy söweşde ol bäş raund saklandy, şondan soň nokauta gitdi. Fergýuson 29 söweşiň 25-sinde ýeňiş gazandy. Oliweýranyň hasabynda 29 ýeňiş bilen sekiz ýeňliş bar.

Ýene degişli makalalar

MakGregor bilen Porýe söweşini ýanwarda geçirmegi ylalaşdylar
MakGregor 23-nji ýanwarda Porýe bilen boljak söweşini tassyklady
Sportuň taryhynda şu gün 27-nji awgust
Sportuň taryhynda şu gün 6-njy oktýabr
Dana Uaýt Nurmagomedowyň çempionlyk guşagynyň ykbaly barada aýtdy
Habib GFC promouşenini 1 million dollara satyn aldy