“Toyota”-nyň yzly-yzyna 2-nji ýeňşi

Dünýäniň iň kynçylykly ýaryşlarynyň hatarynda görkezilýän “Le Man 24 sagat” ýaryşynda bu ýyl hem “Toyota Gazoo Racing” topary ýeňiş gazandy. “Circuit de la Sarthe” trassasynda geçirilen ýaryşda toparyň sürüjileri — F1-iň öňki pilotlary Fernando Alonso, Sebastian Buemi, Kazuki Nakažima 24 sagadyň dowamynda (24 sagat 00 minut 10,574 sekunt) 385 aýlawy geçmegi başardy. 87-nji gezek geçirilen bu ýaryşda 2-nji orny-da “Toyota Gazoo Racing” topary eýeledi.

Maýk Konweý, Kamui Kobaýaşi, Hose-Maria Lopes dagydan düzülen topar hem 24 sagatda 385 aýlawy tamamlap, ýeňijiden 16,972 sekunt soň pellehana geldi. 24 sagatda 379 aýlawy tamamlan “SMP Racing” toparynyň sürüjileri Witaliý Petrow, Mihail Aleşin, Stoffel Wandorn münberiň üçünji basgançagyna çykdylar. “Toyota Gazoo Racing” topary “Le Man 24 sagat” ýaryşynda ilkinji gezek yzly-yzyna ýeňiş gazanmagyň hötdesinden geldi.

Dünýäniň iň abraýly bäsleşikleriniň hatarynda görkezilýän “Le Man 24 sagat” ýaryşyny “I’Ouest” awtomobil kluby guraýar.Ol FIA-nyň berdaşlylyk boýunça her ýyl geçirýän Dünýä çempionatynyň jemleýji tapgyry hökmünde görülýär.

Ýene degişli makalalar

Birinji orna çykaran ýeňiş
Birinji orna çykaran ýeňiş
Dünýä Ralli çempionatynyň täze ýeňijisi
Birinjilik ugrunda ýiti göreş
Noýwill arany açýar
Toyota Yaris Cross krossoweriniň sport görnüşi peýda boldy