
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Ak Tamda geçiren we doga-dilen bilen başlan ilkinji Ministrler kabinetiniň mejlisinde gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýannama berdi.
Şu günki güne çenli ÝB-den satyn alnan awtoulaglara gümrük paçlaryny ulanmaýandyklaryny aýdan Tramp, ÝB ýurtlaryna 25 göterimlik salgyt saljakdygyklaryny ýatlatdy.
Donald Tramp ÝB-niň döredilmeginiň maksady bilen bagly: "Indi düýp manysyna seredeliň, Ýewropa Bileleşigi ABŞ-ny ýok etmek üçin döredildi. Bu olaryň maksadydy we olar bu babatda gowy iş etdiler. Ýöne indi men prezident bolanymdan soň paçlara jogap berip bilmezler" diýip nygtady.