Transfer täzelikleri

Ispaniýanyň Betis topary çilili Manuel Pellegrinini tälimçilige belledi. Tejribeli tälimçi Sewilýa şäheriniň wekili bilen 3 ýyllyk şertnama gol çekişdi. 66 ýaşly tälimçi 3 yklymda Uniwersidad de Çili, LDU Kuito, San Lorenzo, Riwer Pleýt, Wilýarreal, Real Madrid, Malaga, Mançester Siti, Hubeý Çaýna Fortun, West Ham ýaly klublara tälim beripdi.

Bundesliganyň çempiony Bawariýa iňlis kluby Mançester Sitiniň germaniýaly hüjümçisi Leroý Saneni hataryna goşdy.Nemes topary 24 ýaşly oýunçy bilen 5 ýyllyk ylalaşyga gol çekişdi.Oýunçynyň transfer bahasy-da 50 million ýewro diýlip kesgitlenildi. 2016-njy ýylda Şalkeden Mançester Sitä transfer bolan Sane iňlis toparynyň hatarynda 135 duşuşykda 39 goly derwezä girizdi.

Sane täze klubundan ýylda 17 million ýewro hak alar.

Soňky 2 möwsümde kärendesine Germaniýanyň Borussiýa (Dortmund) toparynda oýnan Real Madridiň marokkoly goragçysy Aşraf Hakimi Italiýanyň Inter toparyna transfer boldy. 21 ýaşly oýunçy täze topary bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşdy. Inter bu transfer üçin Reala 40+5 million ýewro berer. Hakimi nemes toparynda 72 oýunda 12 gol geçirdi.

Gazagystanyň meşhur toparlaryndan Kaýrat belli brazil hüjümçisi Wagner Lawy transfer etdi. Korintians topary bilen şertnamasyny ýatyran 36 ýaşly hüjümçi Kaýrat bilen häzirlikçe 6 aýlyk ylalaşyk gazandy. Tejribeli hüjümçi şu wagta çenli Palmerias, Flamengo, Monako, SSKA Moskwa, Şandon Lunen, Alanýaspor, Beşiktaş ýaly toparlaryň köýnekçelerini geýdi.

Bundesligany 3-nji basgançakda tamamlan Leipsig kluby Awstriýanyň Red Bull Salsburg toparynyň koreýaly (Koreýa Respublikasy) hüjümçisi Hwan Hi Çhan bilen şertnama baglaşdy. Şertnamanyň möhleti 5 ýyllyk bolup, transferiň bahasy barada 2 topar hem maglumat bermedi. 24 ýaşly Hwan Hi Çhan täze klubunda 11-nji belgili köýnekçäni geýer. Hwan ozalky toparynda 86 oýunda 28 gezek tapawutlandy.

Ýene degişli makalalar

16 duşuşyk 48 gol
Awstraliýada Titanik gämisiniň nusgasyny suwa goýbermekçi bolýarlar
Çapyksuwar zenan barada täze film
Geçen ýylyň iň köp girdeji gazanan türgenleri
Az bilinýän futbol wakalary