Transfer täzelikleri

Londonyň “West Ham” topary Lewerkuzeniň “Baýer” klubundan meksikaly hüjümçi Hawier Hernandesi (Çiçarito) 16 million funt sterlinge transfer etdi. 29 ýaşly oýunçy täze kluby bilen 3 ýyllyk şertnama baglaşdy. 6 ýyllap “Mançester Ýunaýtedde” oýnan Hernandes şol döwürde “Premier” ligada 156 duşuşykda 59 gol geçiripdi.

Ol 2015-nji ýylda 7,3 million funta “Baýere” transfer bolupdy. Şeýle-de “West Ham” topary “Stok Sitiniň” awstriýaly hüjümçisi Marko Arnautowiçi hem öz hataryna goşdy.Bu transferiň bahasy 20 million funt sterling diýlip kesgitlenildi.

Topar 28 ýaşly oýunçy bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşdy. 4 ýyl ozal “Werderden” “Stok Sitä” geçen Arnautowiç “Premier” ligada 125 duşuşykda 22 gezek tapawutlandy.

* * *

Angliýanyň “Mançester Siti” topary goragyny güýçlendirmegini dowam edýär. Şäherliler ilki “Real Madridden” braziliýaly sag gyraky goragçy Danilony, soňra-da “Monakodan” fransiýaly çep gyraky goragçy Benžamin Mendini transfer etdi. 2 oýunçy hem 5 ýyllyk şertnama gol çekdi. “Mançester Siti” 26 ýaşly Danilo üçin “Reala” 35, 23 ýaşly Mendi üçinem “Monako” toparyna 58 million ýewro berer. Şeýlelikde, Benžamin Mendi futbolyň taryhynda transfer edilen iň gymmat goragçy diýlip hasaba alyndy.

* * *

10 ýyldan bäri “Liwerpulyň” köýnekçesini geýip gelýän braziliýaly ýarymgoragçy Lukas Leiwa karýerasyny Italiýanyň “Lasio” klubunda dowam etdirer. 5 million ýewro transfer bolan 30 ýaşly oýunçy täze topary bilen 3 ýyllyk şertnama gazandy. Leiwa “Liwerpulda” 345 duşuşykda meýdança çykdy.

* * *

“Premier” liganyň soňky çempiony “Çelsi” topary “Real Madridiň” ispaniýaly hüjümçisi Alwaro Moratany 70 million ýewro baha hataryna goşdy. Goşmaça tölegler bilen onuň 80 million ýewro hem çykmagy mümkin. 24 ýaşyndaky hüjümçi londonlylar bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşyp, ol klubuň taryhyndaky iň gymmat oýunçy boldy.

* * *

Italiýanyň “Ýuwentus” topary “Fiorentinadan” 23 ýaşly hüjümçi Federiko Bernardeskini satyn aldy. Bu transfer üçin 40 million ýewro harçlan turinliler italiýaly hüjümçi bilen 5 ýyla niýetlenen geleşige gol çekişdi. Bernardeski “Fiorentinada” geçen möwsümde 42 oýunda çykyş edip, 14 gol, 5 asistlik netije görkezdi. Ol “Ýuwentusda” 10-njy belgili köýnekçäni geýer.

* * *

“Serie A-nyň” “Roma” topary “Mançester Sitiden” bogariýaly çep gyraky goragçy Aleksandr Kolarow bilen düzümini güýçlendirdi. 5 million ýewro baha transfer bolan 31 ýaşly Kolarow rimliler bilen 3 ýyllyk şertnama gol çekişdi. 20072010-njy ýyllar aralygynda “Romanyň” ezeli bäsdeşi “Lasioda” çykyş eden Kolarow “Mançester Sitide” 2 gezek çempionlyk gazandy.

Ýene degişli makalalar

Çempionata öýünde tomaşa etjek ýyldyzlar
Iň gymmat goragçy
Tramp Ýeke özi öýde - 2 filminde surata düşmäge razylyk berşini ýatlady
Türkmenistanda azyk önümleriniň bahalaryna syn