Transfer täzelikleri

Italiýanyň “Inter” topary “Mançester Ýunaýtediň” kapitany, angliýaly ýarymgoragçysy Eşli Ýangy hataryna goşdy. 34 ýaşly oýunçy möwsümiň ahyryna çenli “Interde” kärendesine oýnar. “Inter” topary “Çelsiden” nigeriýaly ýarymgoragçy Wiktor Mozesi hem transfer etdi. 2012-nji ýylda “Çelsä” geçen oýunçyny iňlis kluby dürli ýyllarda dürli toparlara kärendesine ugratdy.

Soňky gezek “Fenerbahçede” oýnan Mozes möwsümiň ahyrynda “Inter” bilen ymykly şertnama hem baglaşyp biler.Meksikaly hüjümçi Hawier Hernandes karýerasyny ABŞ-nyň “LA Galaksi” toparynda dowam etdirer.Möwsümiň 1-nji ýarymynda “Sewilýada” oýnan 31 ýaşly Çiçarito lakamly oýunçy täze topary bilen 3 ýyllyk şertnama baglaşdy.

Hernandes “Mançester Ýunaýted”, “Real Madrid”, “Baýer”, “West Ham” ýaly toparlarda oýnady.Ispaniýanyň “Real Madrid” topary ýaş brazil oýunçylaryny transfer etmegini dowam edýär.Madridliler “Flamengo” toparynyň 18 ýaşly ýarymgoragçysy Reinier Žesusy 6 ýyllyk şertnama bilen öz hataryna goşdy.

Bu transfer üçin “Realyň” kassasyndan 35 million ýewro golaý pul çykar.“Bundesliganyň” çempiony “Bawariýa” topary “Real Madridiň” ispaniýaly ýarymgoragçysy Alwaro Odriozola bilen düzümini güýçlendirdi.Nemes topary 24 ýaşyndaky futbolçy bilen möwsümiň ahyryna çenli şertnama baglaşdy (kärendesine).

Ýene degişli makalalar

Transfer täzelikleri
Çempionata öýünde tomaşa etjek ýyldyzlar
“ÝUWENTUS” HEM ÝEŇILÝÄR
Transfer möwsümi tamamlandy
Türkmen wekiliýeti ÝUNESKO-nyň wekilleri bilen hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdy
2020-nji ýylyň oktýabry: Milli Liderimiziň daşary syýasy başlangyçlarynyň ugry bilen