“ÝUWENTUS” HEM ÝEŇILÝÄR

Sanawyň ýeňlişsiz lideri “Ýuwentus” myhmançylykda “Jenoadan” 20 utulyp, 28 oýundan soň, ilkinji gezek ýeňlişe sezewar boldy.Möwsümiň 1-nji aýlawynda, öz meýdançasynda-da “Jenoany” ýeňip bilmedik “Ýuwentus” şonda yzygiderli 9 ýeňişden soň, 2 utuk ýitiripdi. Angliýanyň çempionatynda FA Kubogy sebäpli diňe 5 duşuşyk geçirildi. “Fulhamy” myhmançylykda 21 (Mane 26, Milner 81 p — Babel 74) ýeňen “Liwerpul” 1 oýny artyk 1-nji orna geçdi. “Ewertondan” 20 (Riçarlison 49, Sigurdsson 72) utulan “Çelsi” öňdäki 4-lige düşmek ugrunda uly ýitgä sezewar boldy. “West Ham” bilen “Haddersfildiň” arasyndaky duşuşykda janköýerler 7 goluň şaýady bolup, 2-nji ýarymda oýna giren Hawier Hernandes 2 gol geçirdi we toparyna 3 utuk gazandyrdy (43).

Ýene degişli makalalar

Sport gysga habarlar
Çempionata öýünde tomaşa etjek ýyldyzlar
Transfer täzelikleri
120-nji möwsüme badalga berler
Aşaky liga düşenler
64 ýyldan soň 2-nji gezek gatnaşýan Uelsiň ýygyndysy