Türk Lideri Magtymguly Pyragynyň ýubileý çärelerine çagyryldy

Türk Lideri Magtymguly Pyragynyň ýubileý çärelerine çagyryldy

3-nji Antalýa diplomatik forumyna gatnaşmak maksady bilen Türkiýede iş saparynda bolan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 1-nji martda Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy.

Duşuşygyň başynda Gahryman Arkadag ony 70 ýaş ýubileýi bilen gutlady, şeýle-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berildi.

Halkyň asylly däbine görä, Gahryman Arkadag şanly ýubileý mynasybetli türk Liderine türkmen milli içmegini sowgat berdi. Prezident Rejep Taýyp Ärdogan Gahryman Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedowy mähirli mübärekläp, Türkiýä gelip görmäge we 3-nji Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşmaga çakylygy kabul edendigi, şeýle-de aýratyn hormaty üçin hoşallyk bildirdi.

Ikitaraplaýyn türkmen-türk gepleşikleriniň barşynda türkmen halkynyň Milli Lideri Türkiýäniň Prezidentini Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanda geçiriljek çärelere hormatly myhman hökmünde çagyrdy. Çakylyk türk Lideri tarapyndan hoşallyk bilen kabul edildi.

Ozal habar berşimiz ýaly, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti, görnükli döwlet we syýasy işgäri Rejep Taýyp Ärdogan şu ýylyň 26-njy fewralynda özüniň şanly 70 ýaş toýuny belledi. Şu mynasybetli, Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Permany bilen, Prezident Rejep Taýyp Ärdogana Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy diýen hormatly at dakyldy.

Ýene degişli makalalar

Telefon arkaly söhbetdeşlik
Gurbanguly Berdimuhamedow türk Liderini sapar bilen Türkmenistana gelmäge çagyrdy
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Türki Döwletleriň Guramasyna doly hukukly agza bolmagyna garaşylýar
Gurbanguly Berdimuhamedow Antalýa iş saparyny tamamlap, Aşgabada gaýdyp geldi
Metbugat: Türkmenistanyň Türki döwletler guramasyna doly bahaly agza bolmagyna garaşylýar