“Haber Türk” gazeti “Türkiýäniň maglumatlary Türkiýede galar” söz başyly habarynda, Prezidentiň ýanyndaky Sanly ulgamlaşdyryş ofisiniň Başlygy Ali Taha Koçuň Google, Amazon, Fajebook, Apple, Mikrosoft ýaly tehnologiýa ägirtleriniň ýerli alternatiwleriniň Türkiýede taýarlanmagyny maksat edinýändiklerini aýdandygyny ýazýar.
Koç: “Türkiýäniň maglumaty Türkiýede galar. Şonuň üçin ýerli önümleriň, esasanda sosial media platformalarynyň we aratnaşyk hem-de wideokonferensiýa ulgamlarynyň ýerli alternatiwlerini taýarlamagyň üstünde işleýäris” diýdi.
“Hürriýet” gazeti “Syýahatçylykda iňlis başlangyjy” söz başyly habarynda, Britaniýada 17-nji maýdan başlap inlis raýatlaryna halkara syýahat etmegin erkin boljakdygyny mälim edýär.Gazet Mugla welaýatynyň dünýä meşhur Marmaris, Bodrum we Fethiýe etraplarynyň inlis syýahatçylarynyň esasy isleg bildirýän ýerlerinden käbirleridigini, syýahatçylyk gulluklarynyň we myhmanhanalaryň ýolbaşçylarynyň Şotlandiýany, Demirgazyk İrlandiýany, Galleri we Britaniýany öz içine alýan Birleşen Şalykdaky halkara syhabatçylyk operatorlary bilen gepleşiklere başlandygyny ýazýar.
“Ýeni Şafak” gazeti “Pandemiýada diňe Türkiýe bilen Hytaý ösdi” söz başyly habarynda, täze görnüş koronawirus pandemiýasynyň global derejede ösüş çaklamalarynyň hiç haýsysynyň dogry çykmandygyny, 3,5-4 göterim ösüş etmegine garaşylýan global ykdysadyýetin 4,3 göterim aşaklandygyny aýan edýär.
Habarda ösen we ösüp barýan ýurtlardan emele gelýän G20-ä girýän döwletleriň arasynda diňe Türkiýe bilen Hytaýyň ösüş edendigi nygtalýar.
“Star” gazeti “Uçarmansyz milli harby uçaryň tizligi ses bilen deň bolar” söz başyly habarynda, esasy maksatlarynyň “Akynjy” hüjüm ýaragly uçarmansyz howa ulagyndan soň Türkiýede uçarmansyz harby uçaralary öndürmek bolandygyny beýan eden “Baýkar” firmasynyň ýokary derejeli ýolbaşçysy Haluk Baýraktaryň “Uçarmansyz harby uçar üçin konseptual dizaýn tapgyryna geçdik. Ses tizliginde uçýan platforma bolar” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
“Watan” gazeti “Golliwudyň ýyldyzlary Aýasofýa baryp gördüler” söz başyly habarynda, Antalýada surata düşürilýän “Fiwe Eýes” filminiň režisýory we ssenaristi britaniýaly Guý Riçiniň Stambula edýän gezelenjiniň çäginde Aýasofýa metjidine we Topkapy köşküne baryp görendigini ýazýar.
Gazet Riçi aýaly, aktrisa Žaki Ainsleý, amerikaly aktýor Joş Hartnett, prodýusser Iwan Atkinson, “Warner Brossyň” ýolbaşçysy Joi Berger we Miramaksyň ýokary derejeli ýolbaşçysy Billi Blokdan ybarat bolan toparyň taryhy ýerler hakynda maglumat alandygyny ýazýar.
