Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýeni Şafak gazedi: "Prezident Erdogan: ABŞ häzirki wagtda Ýewfrat derýasynyň gündogaryny terk etmelidir" söz başyly habarynda, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň, Eýrandan gaýdyşyn beren beýanatynda: "ABŞ häzirki wagtda Ýewfrat derýasynyň gündogaryny terk etmelidir. Astana tapgyryndaky netije şoldy. Sebäbi ABŞ ol ýerdäki terror guramalaryna goldaw berýär" diýendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

Star gazedi: "Taryhy sammit rus metbugatynda" söz başyly habarynda, Türkiýäniň, Russiýanyň we Eýranyň arasynda Eýranyň paýtagty Tähran şäherinde geçirilen "Astana formatyndaky VII Üçtaraplaýyn sammitine" rus mediasynyň giň orun berendigini mälim edýär. Izwestiýa gazedinde berilen habarda: "2017-nji ýylda Siriýadaky ýagdaýyň kadalaşmagy üçin emele getirilen bu platforma Russiýany, Eýrany we Türkiýäni birleşdirýär" diýip bellendi.

Sabah gazedi: "Fuat Oktaýdan Gündogar Ortaýer deňizi bilen bagly ýüzlenme: Abdülhamid Han gämimiz sapara çykýar" söz başyly habarynda, Düýn DKTR-da çykyş eden Wise-prezident Fuat Oktaýyň, dünýäniň iň döwrebap buraw gämileriniň biri bolan Abdülhamid Han gämisiniň Gündogar Ortaýer deňizindäki işlerine awgust aýynda başlajakdygyny aýdandygyny habar berýär.

Haber Türk gazedi: "Ýerli awtoulag Stambulda sergilendi" söz başyly habarynda, TOGG-yň Stambulda geçirilen Sarp ediji elektronikasy sergisi CES 2022-de ulagyny sergiländigini aýan edýär. Zorlu Center sergiler zalynda sergilenen awtoulag, şu ýylyň ýanwar aýyndaky CES sergisinde tanyşdyrylypdy we TOGG-yň aýratynlyklary halk köpçüligine ýetirilipdi.

Hürriýet gazedi: "Sarp ediji Ynam indeksi artdy" söz başyly habarynda, Türkiýäniň Statistika guramasynyň iýul aýynyň Sarp ediji ynam indeksiniň görkezijilerini aýan edendigini habar berýär.Türkiýäniň Statistika guramasy we Türkiýe Respublikasynyň Merkezi banky bilen bilelikde taýarlanan "Sarp ediji bilim sowalnamasynyň" netijesinden hasaplanan senenama täsirinden saplanan Sarp ediji ynam indeksi iýul aýynda geçen ýylyň iýul aýyna garanyňda 7,4 göterim artdy.

Iýun aýynda 63,4 göterim bolan indeks, iýul aýynda 68 göterim hökmünde bellige alyndy.Häzirki döwürde hojalygyň maddy ýagdaý indeksi iýun aýynda 44,5 göterim bolan bolsa, iýul aýynda 4,2 göterim ýokarlap, 46,4 göterim boldy. Öňümizdäki 12 aýlyk döwürde hojalygyň maddy ýagdaý tamasynyň indeksi iýun aýynda 59,9 göterim bolan bolsa, iýul aýynda 67,2 göterime ýetdi.

Ýene degişli makalalar

Soňky bir ýylda Türkiye-Türkmenistan gatnaşyklary
Fuat Oktaý Taýlandyň Daşary işler ministri Don Pramudwinai bilen duşuşdy
Fuat Oktaý 19-njy maý Atatürki hatyralama, Ýaşlar we Sport baýramy mynasybetli ýüzlenme çap etdi
Fuat Oktaý: "DKTR-ny doly ýagdaýda goldaýarys" diýdi
Berdinyýaz Rejepmedowyň Konsert dialogy
Fuat Oktaý "Ganly Roždestwo" hadysalarynda şehit bolanlary hatyralap geçdi
Prezident Erdogan Türkiyä gaýdyp geldi