Türk Resmi Wekiliýeti Ysraýylda Saparda Boldy

Türk Resmi Wekiliýeti Ysraýylda Saparda Boldy

Prezidentiň Metbugat sekretary Ibrahim Kalyn bilen Daşary işler ministriniň orunbasary Sedat Önalyň ýolbaşçylygyndaky türk resmi wekiliýeti Palestinada geçiren gepleşiklerinden soň Ysraýyla bardy.

Diplomatik çeşmeleriň berýän maglumatyna görä, Ibrahim Kalyn bilen Sedat Önalyň ýolbaşçylygyndaky türk resmi wekiliýeti Ysraýylyň Prezident diwanynyň we Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary bilen duşuşdy.

Duşuşykda Ysraýylyň Prezidenti Ishak Gersogyň geljek aý Türkiýä gurajak sapary üçin görülýän taýarlyk bilen birlikde özara gatnaşyklar we sebitara meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ysraýylyň Prezidenti Gergosyň, iki ýurduň ýolbaşçylarynyň arasyndaky duşuşyga gelip, türk resmi wekiliýetine “Hoş geldiňiz” diýendigi ýatladyldy.

Prezidentiň Metbugat sekretary Ibrahim Kalyn bilen Daşary işler ministriniň orunbasary Sedat Önalyň ýolbaşçylygyndaky türk resmi wekiliýeti Ramallah şäherinde Palestinanyň Prezidenti Mahmud Abbas tarapyndan kabul edilipdi.

Ýene degişli makalalar

Ysraýylda Toyota Prius we Hyundai Ionic ulaglarynyň satuwy bes edildi
В ТУРКМЕНИСТАНЕ СОСТОЯЛСЯ МЕЖДУНАРОДНЫЙ МЕДИА-ФОРУМ, ПОСВЯЩЕННЫЙ ГОДУ ЭПОХА НАРОДА С АРКАДАГОМ
Aşgabatda gibrid görnüşde halkara mediaforum geçirildi
ABŞ-nyň Döwlet Sekretarynyň Orunbasary Türkiýede Saparda Bolar
Katar türk dipolmatlardan hoşal bolandygyny beýan etdi
Wiktoriýa Nuland Türkiye Respublikasynda saparda bolýar