Türki döwletleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary

Türki döwletleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary

Synymyzyň bu günki sanynda Türki döwletleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakynda maglumat bermekçi.

2023-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda Aşgabatda Merkezi Aziýa-Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň 1-nji maslahaty geçirildi. Maslahata Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleri bilen ÝHHG-nyň Baş sekretary gatnaşdy. Maslahatda sebitleýin howpsuzlyk, ikitaraply hyzmatdaşlyk ugurlary seljerildi.

1-nji noýabrda Aşgabatda Merkezi Aziýa-Günorta Koreýa maslahatynyň 16-njysy geçirildi. Maslahata degişli ýurtlaryň daşary işler ministrleri gatnaşdylar. Maslahatda Günorta Koreýanyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen gatnaşyklarynyň ýeten sepgidi we geljekde bilelikde alynyp baryljak işler hakynda pikir alyşyldy. Maslahatyň ahyrynda bilelikdäki jarnama kabul edildi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow maslahata gatnaşan ministrleri ýeke-ýekeden kabul etdi.

1-3-nji noýabrda Daşkentde Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň Ulaglar ministrleriniň 12-nji maslahaty geçirildi. Maslahatyň ahyrynda Daşkent jarnamasyna we birnäçe ylalaşyga gol çekişildi.

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron 1-2-nji noýabr aralygynda Gazagystana we Özbegistana resmi sapar gurady.Przident Makron Astanada Gazagystanyň döwlet Ýolbaşçysy Kassym-Žomart Tokaýew, Daşkentde bolsa Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşyklar geçirdi.

Duşuşyklarda adybir ýurtlaryň arasyndaky özara gatnaşyklaryň hasam giňeldilmegi hakynda pikir alyşyldy.Duşuşyklaryň netijesinde Gazagystan bilen Fransiýanyň arasynda 6, Özbegistan bilen Fransiýanyň arasynda bolsa 8 ylalaşyga gol çekişildi.Gazagystan-Fransiýa we Özbegistan-Fransiýa İşewürler maslahatlaryna prezidentler gatnaşdylar.

Toklaýew we Mirziýoýew fransuz işewürleri bilen duşuşyklar geçirdiler.

Fransuz Prezidenti Samarkand şäherine baryp gördi. Sapar barasyndaky habarlar Prezident Makronuň Merkezi Aziýa ýurtlaryna saparynyň esasy sebäbiniň uran söwdasydygy mälim edildi. Gazagystan uran öndürmekde dünýäde 1-nji orunda durýar. Afrika ýurtlaryndan we Russiýadan uran import edýän Fransiýanyň bu ugurda täze hyzmatdaşlar edinmegi möhüm bolup durýar.

2023-nji ýylyň 3-nji noýabrynda Astanada Türki döwletleriň guramasynyň 10-njy Sammiti geçirildi. Sammite Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzstanyň, Özbegistanyň we Türkiýäniň Prezidentleri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Wengriýanyň Premýer-ministri gatnaşdy. Sammitiň ahyrynda 12 ylalaşyga gol çekildi. Türki döwletleriň guramasy tarapyndan Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasyna synçylyk derejesi berildi.

Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowa 31-nji oktýabr bilen 2-nji noýabryň aralygynda Koreýa Respublikasyna resmi sapar etdi. Gafarowa 1-nji noýabrda koreý kärdeşi bilen duşuşdy.

Gagawuziýanyň türk firmalaryndan biri bilen elýeterli bahadan tebigy gaz şertnamasyny baglaşmagy Komrat bilen Kişinewiň arasynda dartgynlyga sebäp boldy. Moldowanyň hökümeti Gagawuziýanyň arzan tebigy gazyny bütin ýurda paýlajakdygyny beýan etdi. Moldowa geçen ýyl Russiýadan gaz almagy bes edipdi we ýurtdaky energiýa serişdeleriniň nyrhy birnaçe esse ýokarlapdy.

Ýene degişli makalalar

Deňagramlyk gözlegleri. Ukrainada iki ýyl dowam eden uruş Merkezi Aziýany nähili özgertdi?
Fransiýa sapar eder
Makron: Fransuz-türkmen gatnaşyklarynyň oňyn ösüş bizi guwandyrýar
Ýadro güýç milli energiýa howpsuzlygynyň açarymy?
Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy wideoaragatnaşyk arkaly Uly ýediligiň DIM-leriniň duşuşygyna gatnaşar
Russiýa Fransiýa Reaksiýa Bildirdi