Russiýa Fransiýa Reaksiýa Bildirdi

Russiýa Fransiýa Reaksiýa Bildirdi

Zaharowa Russiýanyň “Ria Nowosti” habarlar gullugyna beren beýannamasynda Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makronuň terror guramalary bilen göreşmek üçin sebitleýin hem-de halkara ýaranlygyň döredilmegi hakyndaky teklibi boýunça garaýyş beýan etdi.

Bu teklibiň “Ýakyn Gündogarda ýaragly çaknyşyklaryň hasam möwjemegine we mesela başga ýurtlaryň hem goşulmagyna sebäp bolup biljekdigini” beýan eden Zaharowa, Fransiýanyň mesleleriň “özenini görüp bilmeýändigini” beýan etdi.

Zaharowa; “Resmi Parižiň ideologik çemeleşmeleri esasan ters netije berýär, käbir ýurtlarda we sebitlerde şertleriň diňe durnuksyzlaşmagyna sebäp bolýar.Fransiýa Gaza Sektorunda hüjümleriň bes edilmegine we akýan ganyň diňdirilmegi ugrundaky tagallalara hakykatdan hem goşant goşmak isleýän bolsa, Palestina-Ysraýyl we umuman Ýakyn Gündogar meselesinin syýasy hem-de diplomatik ulaglar bilen çözülmegi boýunça biziň pozisiýamyzy goldasyn. Şol sebäpli ysraýyllylar bilen palestinalylary ähli dünüşmezlikleri ara alyp maslahatlaşmak üçin gönüden gepleşikleri dessine başlatmaga çagyrýarys” diýdi.

Mariýa Zaharowa; “Ysraýyl bilen parahatçylykly we howpsuz şertler ýaşaýan, paýtagty İýerusalim bolan, 1967-nji ýyldaky serhetleriň çäginde garaşsyz Palestina döwletiniň gurulmagyny goldaýandyklaryny” beýan etdi.

Ýene degişli makalalar

ÝB-niň Raýatlary Donbass Üçin Söweşmez
Telegram Dagystanyň aeroportuny basyp almaga çagyran kanaly petikledi
Zaharowa: "ABŞ-nyň Ýakyn Gündogarda barlygy durnuklylyk getirmez" diýdi
Russiýa Ysraýyl bilen Hamasyň arasynda baglaşylan ot açmazlyk ylalaşygy barada beýanat berdi
Ermensitan Öz Ýalňyşlyklarynyň Jogapkärçiligini Başgalarynyň Üstüne Ýükleýär
R.Meredow Hazarýaka döwletleriň daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşar