Türkiyäniň gury ýerdäki buzluklary Global ýylylyk sebäpli ýok bolmak howpunyň astynda

Türkiyäniň gury ýerdäki buzluklary Global ýylylyk sebäpli ýok bolmak howpunyň astynda

Hünärmenler howanyň çalşygy sebäpli polýardaky buzluklaryň eremeginiň global ýylylygy has hem artdyrjakdygy we aşa howa hadysalary bilen gurakçylygyň tokaý ýangynlaryny has hem artdyryp biljekdigi barada duýduryş berýärler.

TRT TSR-nyň hormatly diňleýjileri. Bilesigelijiniň Bellikleri atly gepleşigimiziň bu günki sanynda global ýylylygyň Türkiyäniň gury ýerdäki buzluklaryna nähili täsir ýetirýändiginiň üstünde durup geçeris.

Gün şöhlelerini yzyna serpikdirip dünýäniň has hem gyzmagyna böwet bolýan polýardaky buzluklar, 1970-nji ýyllardan şu günki güne çenli iki esse diýen ýaly azaldy. Howanyň çalşygynyň täsiri bilen başdan geçirilýän şol ýitgiler, diňe polýardaky buzluklar bilen çäklenmeýär. Şol bir wagtda ýerleşýän ýerlerindäki suw çeşmelerini üpjün edýän daglardaky buzluklar hem ereýär.

Stambul Tehniki uniwersitetiň Ýewraziýa ylymlar institutynyň Gaty jisim ylymlary kafedrasynyň mugallymy Prof.Dr. Mehmet Akif Sarykaýa, polýardaky buzluklaryň ululyk taýdan has uludygyny, daglardaky buzluklaryň bolsa has kiçidigini mälim etdi.

Howa kirizisi bilen birlikde buzluklaryň iki görnüşiniň hem massa ýitirip ereýändigini aýdan Sarykaýa: “Şol nukdaýnazardan ikisini biri-birinden aýyrmak mümkin däl. Polýardaky buzluklar has uly bolandygy üçin olaryň eremek tapgyry gury ýerdäki buzluklar ýaly çalt däl. Biziňki ýaly orta giňişlikdäki buzluklaryň eremegi bolsa has çalt amala aşýar” diýip belledi.

Senagatlaşma tapgyryndan soň ýokarlan temperaturanyň bütin dünýäde bolşy ýaly Türkiyedäki buzluklaryň barlygyny azaldandygyny aýdan Sarykaýa, gury ýerdäki buzluklaryň esasy suw çeşmeleriň biridigini we şol buzluklaryň eremeginiň suw çeşmeleriniň azalmagy manysyny aňladýandygyny mälim etdi.

Dünýäniň beýleki sebitleri bilen deňeşdirilende Anadolyda örän uly buzluk massalarynyň bolmandygyny, bar bolan buzluklaryň eremegi bilen örän uly täsiriň bolmajakdygyny aýdan Sarykaýa: “Türkiyede jemi 12 aýry nokatda 51 buzluk zolagy bar we jemi 10 ind km ýeri öz içine alýar.

Agry dagynyň depesindäki iň uly buzluk, 1976-njy ýylda takmynan 8 ind km bolan bolsa, häzirki wagtda şonuň ululygy 5 ind km-e çenli azaldy. Ähli buzluklarymyzda takmyann 30-35 göterim derejesinde meýdan taýdan azalma bar.

Hakkari welaýatynyň Jilo dagyndaky buzluklar soňky 100 ýylda 50-60 göterim derejesinde azaldy.Amala aşyran proýeksiýa taslamalarymyza görä, ýylylyk bu tizlik bilen dowam eden halatynda Erjiýes dagyndaky buzluklaryň dolulygyna ýitjekdigini çak edýäris.

Dünýä derejesindäki ýylylyk rekordlary adamlaryň amala aşyrýan işleri bilen birleşmegi bilen buzluklaryň eremek tapgyry has hem tizleşýär.Jilo dagyndaky syýahatçylyk maksatly alynyp barylýan işler şoňa mysal hökmünde getirilip biliner.

Rekord derejedäki ýylylyklara, şeýle hem adamlaryň alyp barýan işleri goşulýar we buzluklaryň eremek tapgyry tizleşip, suw çeşmelerine ýaramaz täsir ýetirýär” diýip habar berdi.

“Öňümizdäki 50 ýylyň içinde daglardaky we jülgelerdäki buzluklaryň ählisiniň erejekdigi çak edilýär”

Bogaziçi uniwersitetiniň Howanyň çalşygy we syýasatlary durmuşa geçirmek we ylmy-derňew merkeziniň Dolanşyk geňeşiniň agzasy Prof.Dr. Murat Türkeş, Türkiyede çürt-kesik ýagdaýda daglardaky buzluklaryň we Agry dagyndaky buzluklaryň soňky 50 ýylda tiz depginler bilen ereýändigini, yza çekilýändigini we kiçelýändigini beýan etdi.

Murat Türkeş: “Bular ýaly dowam eden halatynda öňümizdäki 50 ýylda, daglardaky we jülgelerdäki buzluklaryň dolulygyna eräp biljekdigi çak edilýär. Ol Türkiye üçin hem öz güýjüni goraýar. Sebäbi amala aşyrylýan işler biri-birinden tapawutly daglardaky buzluklaryň, jülgelerdäki buzluklaryň ereýändigini, kiçelýändigini, ýok bolýandygyny görkezýär” diýip belledi.

Buzluklaryň hemişelik gar örtügi bilen birlikde ýerleşýän ýerlerindäki we töweregindäki geografiýanyň, ekoulgamlaryň, suw çeşmeleriniň we ýaşaýyşy üpjün edýän suw çeşmeleridigini aýdan Türkeş: “Ýeterlik derejede gar bar bolsa, eremek-siňdirmek deňagramlylygy ýerlikli bolsa, aýlaw dowam edýär.

Emma mundan beýläk bu deňagramlyk bozuldy, sebäbi global ýylylyk sebäpli buzluklar tiz depginler bilen ereýär, garly ýagyş barha azalýar, gar ýagsada tiz eräp, hemişelik galmaýar” diýip nygtady.

"Izostatiki deňagramlylyk bozulýar"

Daglardaky buzlyklaryň azalmagy bilen töweregindäki ekoulgamlarda emele gelen özboluşly klimatyň we täsir ýetirýän bütin geografiýanyň mundan beýläk ýeterlik derejede suw çeşmelerine eýe bolup bilmejekdiginiň üstünde durup geçen Türkeş: “Esasan hem Gimalaý daglarynda, And daglarynda wagtal-wagtal başdan geçirilýän duýdansyz gar we buz eremeleri sil apatlaryna, suw joşmalaryna we ýer süýşgünlerine sebäp bolýar.

Has uzak möhletli täsir hökmünde bolsa buzluklar erän mahallary dag meýdanlary ýitmäge başlaýar, şeýlelik bilen haýallyk bilen hem bolsa ýeriň gabygyndaky biziň izostatiki deňagramlylyk diýip atlandyrýan deňagramlylyk bozulýar.Bular iň giň global derejede hasaba alynan täsirleri hökmünde aýdyp bileris.

Eger buzluklar wagtyň geçmegi bilen dolulygyna ýok bolsa, ol suw çeşmeleriniň azalmagy, ýokarky tokaý serhedindäki dag ösümlikleriniň guramagy, ol ýerdäki tebigatyň bozulmagy we asyrlar boýy çarwaçylyk bilen meşgullanyp haýwanlaryna bakan, maldarçylyk bilen meşgullanan göçer-gonar toparlara ýaramaz täsir ýetirjekdigi manysyna gelýär” diýip beýan etdi.

TRT TSR-nyň hormatly diňleýjileri. Bilesigelijiniň Bellikleri atly gepleşigimiziň bu günki sanynda global ýylylygyň Türkiyäniň gury ýerdäki buzluklaryna nähili nähili täsir ýetirýändiginiň üstünde durup geçdik.

Ýene degişli makalalar

Saraýewoda Türk filmleri hepdesi başlandy
Ýunus Emre we onuň edebi dünýämizde tutýan orny
Demirgazyk Koreýa ganatly raketalar bilen synag geçirdi
Demirgazyk Koreýanyň Sary deňze tarap ganatly raketalar atandygy habar berildi
BAGŞYNYŇ GYJAKÇY OGLY
Azerbaýjan Merkezi Aziýa ýurtlaryna gurluşyk materiallaryny eksport edip biler