Türkiyäniň Milli futbol ýygyndysy Uels bilen duşuşyk geçirer

Türkiyäniň Milli futbol ýygyndysy Uels bilen duşuşyk geçirer

Türkiyäniň Milli futbol ýygyndysy UEFA 2024 Ýewropa Futbol Çempionatynyň Saýlama tapgyrynyň çäginde D toparynda 8-nji we soňky duşuşygyny geçirmek üçin maksady bilen Beýik Britaniýanyň Kardiff şäherine bardy.

Tälimçi Winçenso Montella we milli ýygyndy düýn Türkiyäniň wagty bilen sagat 20:45-de duşuşygyň geçiriljek ýeri bolan Kardiff Siti stadionynda metbugat ýygnagyny geçirdi.

Soňky oýunlardan öň EURO 2024-e gatnaşmak hukugyny gazanan Türkiyäniň Milli futbol ýygyndysy, Uelsde ýeňilmese, toparyň ýolbaşçysy hökmünde Germaniýa tarapyndan geçiriljek turnire gatnaşar.

Soňky duşuşkdan ozal Türkiye 16 bal bilen lider ýagdaýda barýan bolsa, öz meýdançasynda Ermenistan bilen duşuşyk geçirjek Horwatiýa bolsa 13 bal bilen 2-nji orunda barýar.

Uels bolsa 11 bal bilen 3-nji orunda durýar.

Uels-Türkiye duşuşygy şu gün Türkiyäniň wagty bilen sagat 22:45-de başlar.

Duşuşyk TRT 1 kanalyndan göni ýaýlym arkaly görekeziler.

Ýene degişli makalalar

64 ýyldan soň 2-nji gezek gatnaşýan Uelsiň ýygyndysy
Türkiýäniň ýygyndysy yzly-yzyna 3-nji gezek Ýewropa çempionatyna gatnaşar
DÇ-2022: Eýran pleý-off ýollanmasyny gazanyp bilmedi
Angliýada we Uelsde hristianlaryň ilatyň düzümindäki paýy azaldy
Eýranyň ýygyndysyna 1 utuk hem ýeterlikdi
DÇ-2022: Senegal Ekwadory ýeňip, 1/8 finala çykdy