Türkiýäniň Sirýa Boýunça Täze Syýasaty

Türkiýäniň Sirýa Boýunça Täze Syýasaty

Türkiýede geçirilen möhüm saýlawlardan soň Prezident Erdogan gaýtadan saýlanan bolsa, Halk ýaranlygy hem mejlisde esasy köplügi eýelemegiň hötdesinden geldi. Eýsem bu netijeler Türkiýäniň Siriýa syýasaty taýdan nämäni aňladýar? Erdoganyň we hökümetiň Siriýa syýasaty, Siriýanyň hökümeti bilen geçirilýän gepleşikler, terrorizme garşy göreş we immigrant meselesi bilen bilelikde nähili ugrugar?

SETA-nyň Daşary syýasaty öwreniji alymy Jan Ajunuň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Türkiýe üstümizdäki ýylyň 14-nji we 28-nji maýynda yzly yzyna saýlaw geçirdi. Ýurduň ykbalyny kesgitlän saýlawlarda hem mejlisdäki köplügi hem-de prezidentligi R.T.Erdoganyň liderlik edýan Halk ýaranlygy aldy. Şeýlelikde Türkiýe ýene-de 5 ýyl Erdogan tarapyndan dolandyrylar.

Erdoganyň “Türkiýe Asyry” atlandyran bu täze döwrüniň hem Türkiýe taýdan hem-de sebit we global syýasat taýdan netijeleri bolar.Türkiýe indi diňe bir sebitleýin güýç bolman, öz garaýyşlary, tezisleri bolan global güýje öwrülýän ýurt.

Emma biz bu gün saýlawyň netijelerini Siriýa we Erdoganyň täze Siriýa syýasaty taýdan seljermekçi.

Täze döwürde Erdoganyň syýasy liderliginde Türkiýäniň bar bolan daşary syýasatynyň, esasanda Siriýada nähili ugrukjakdygyny hökümetiň düzüminden çaklamak mümkin boljakdy we şeýle hem boldy.Milli howpsuzlyk guramasynyň Başlygy Hakan Fidanyň Daşary işler ministrligine bellenmegi bu ýerde öňe saýlanýar.

Hakan Fidan uzak ýyllaryň dowamynda Milli howpsuzlyk guramasyny dolandyrdy, ol hem tehniki üpjünçilik hem-de ýerlerdäki işleri taýdan güýçlendirip, Türkiýäniň esasanda Yrak, Siriýa, Liwiýa ýaly çaknyşyk sebitlerindäki ähli harby, howpsuzlyk we syýasy işlerinde güýçli pozisiýa ornaşdyryp, ugrukdyran adam hökmünde öňe saýlanýar.

Onuň indi gönüden daşary syýasatyň başyna geçmegi şol jähtden Türkiýe üçin Yrak we Siriýa syýasaty taýdan yzgiderliligiň görkezijisi bolup durýar.

Baş ştabyň Başlygy Ýaşar Güler hem şeýle profile eýe. Ol Türkiýäniň Yrakda we Siriýada serhet aşa harby operasiýalaryny hem syýasy taýdan goldaýan hem-de şol operasiýalary ýerinde gönükdiren ýolbaşçylardan biri. Ýaşar Güler Erdoganyň täze hökümetinde Goranmak ministri boldy. Ol hem elbetde bar bolan harby operasiýalaryň dowam etjekdigini aňladýar.

Şeýle-de Ibrahim Kalyn. Erdoganyň Metbugat sekretary we resmi däl ýagdaýda Milli howpsuzlyk boýunça geňeşdarlygyny eden adam indi Fidanyň ýerine Milli howpsuzlyk guramasynyň başyna geçirildi. Ady agzalanlaryň üçüsem Erogan we biri-birleri bilen utgaşykly, bar bolan pro-aktiw syýasatlary goldaýan adamlar hökmünde degişli daşary syýasatda yzgiderliligi görkezýär. Şeýlelikde Türkiýäniň Siriýa taýdan başlangyç syýasatynyň üýtgenejekdigini aýdyp bileris.

Täze hökümetiň öňünde Siriýa bilen bagly howplar üýtgemän dur.Esasanda PKK-nyň Siriýadaky bölegi PÝD/ÝPG-niň Ýefrat derýasynyň gündogarynda we Demirgazyk-gündogar Siriýada gurmaga çalyşýan terror döwletjigi Türkiýäniň milli howpsuzlygyna birinji derejede wehim salýar.

Türkiýe ozal geçiren serhetaşa harby operasiýalary bilen gurama agyr zarba uran hem bolsa, ABŞ-nyň hemaýatynda gurama güýçlenip, işlerini dowam etdirýär. Ýurtdaky tebigy baýlyklardan girdeji alyp, ideologik taýdan hem özüni doktrinalaşdyrmaga çalyşýar.

Emma Türkiýe üçin ýeke-täk mesele terror guramasy däl.

1. Terrorizme garşy göreş, PKK/ÝPG-niň ABŞ-nyň hemaýatynda sebitde gurmaga çalyşýan terror döwletjiginiň doly ortadan aýrylmagy.

2. Siriýanyň territorial witewiligini gorajak syýasy çözgüt, oppozisiýanyň syýasy çözgüde itegrirlenmegi we hökümetiň demokratiýalaşyp, özgertmeleri iş ýüzüne geçirmegi.

3. Siriýanyň gurluşyk işleri bilen bilelikde howpsuzlygy we durnuklylygy ýola goýup, immigrantlaryň ýurtlaryna dolanmagy.

Türkiýe diňe bir terrorizme garşy göreş däl, ýokarda beýa edilen ähli degişli maddalara görä Siriýa syýasatyny ugrukdyrmaga dowam eder.Häzir wagtda Russiýanyň hemaýatkärliginde hökümet bilen geçirilýän syýasy gepleşikleriň netijesi kesgitleýiji bolar.

Eger käbir egilşikler bilen ylalaşyk gazanylan halatynda Türkiýe islegini syýasy gepleşikler arkaly alyp biler.Emma ol bar bolan şertlerde mümkin görünmeýär.Emma eger şeýle bolmasa, harby operasiýalary dowam etdirmäge mejbur bolar.

Beýleki tarapdan bolsa ABŞ-Russiýa-Eýran arasyndaky çaknyşykda hem-de göreşden peýdalanyp, öz milli howpsuzlygyny üpjün etmäge çalyşar.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Prezident Erdoganyň Yraga Guran Sapary
Türkiyäniň Ýaragly güýçleriniň terrora garşy göreşi tutanýerlilik bilen dowam edýär
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysagaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny