Türkiýe-Özbegistan-Azerbaýjan Üçtaraplaýyn Daşary işler, Söwda we Ulaglar ministrleriniň maslahaty Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde başlady.
Maslahata Türkiýeden Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Söwda ministri Mehmet Muş, Ulaglar we infrastruktura ministri Adil Karaismailogly, Azerbaýjandan Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow, Digital ösüş we ulaglar ministri Reşat Nebiýew, Ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow, Özbegistandan Daşary işler ministriniň wekili Wladimir Narow, Ulaglar ministri Ilham Mahkamow, Daşary söwda we maýa goýumlar ministriniň orunbasary Laziz Kudretow gatnaşdy.
Maslahatda çykyş eden Wladimir Narow maslahatyň Azerbaýjan tarapynyň teklibi we Türkiýäniň goldaw bermeginde guralandygyny beýan etdi.
“Halkara gatnaşyklar we global ykdysadyýetdäki çalt depginde özgerýän şertler aslyna garalanda Türkiýe-Özbegistan-Azerbaýjan dialog formatynyň giňeldilmegini hem-de onuň dessine ýola goýulmagyny mejbury ýagdaýa getirdi” diýen Narow, döwlet ýolbaşçylarynyň soňky ýyllardaky syýasy ygtyýarlary hem-de gönükdirmeleri saýasynda Özbegistanyň Azerbaýjan we Türkiýe bilen gatnaşyklarynyň täze derejä göterilendigini, onuň strategik çuňluga eýe bolandygyny beýan etdi.
Ýurtlaryň ençeme halkara meselede birmeňzeş pozisiýa eýeleýändigini we şol bir maksat üçin tagalla edýandiklerini nygtan Narow; “Ol hem parahatçylykly, birsydyrgyn we işweň türki dünýäniň döredilmegidir” diýdi.
Wladimir Narow Türkiýäniň, Özbegistanyň we Azerbaýjanyň sebitara hyzmatdaşlykda möhüm pozisiýa eýeläp biljekdiklerine ünsi çekip, türk halklarynyň ýaşaýan sebitleriniň gündogar bilen günbataryň, demirgazyk bilen günortanyň arasynda müňlerçe ýyldan bäri köpri haşýetine eýedigini, şol sebäpli sebitler ara ulag geçelgeleriniň açylmagy taýdan şol ýurtlaryň isleginiň iňňän möhümdigini aýtdy.
Özbegistanyň Daşary işler ministriniň wekili ýurdunyň Baku-Tibilisi-Kars demir ýolunyň üstaşyr potensialynyň işjeň peýdalanylmagyna aýratyn ähmiýet berýändigine ünsi çekdi.
Narow şu günki günde Hytaý-Gyrgyzsta-Özbegistan demir ýoly taslamasynyň gurluşygy üçin taýýarlyk işleriniň dowam edýandigini aýtdy. Şol demir ýoluň Trans Kawkaz geçelgesine birikdirilmegi bilen Hytaýdan Ýewropa çenli bolan sebitde demir ýol torunyň emele getiriljekdigini, Özbegistanyň şol çäkde Zengezur geçelgesiniň gaýtadan açylmagyny goldaýandygyny nygtan Narow, onuň boşla Aziýa bilen Ýewranyň arasyndaky iň gysga ugur boljakdygyny nygtady.
Ministrler maslahatdan soň Daşkent Jarnamasyna gol çekişerler.
