Türkiye Ruandada Tutsilere garşy edilen genosidi hatyralap geçdi

Türkiye Ruandada Tutsilere garşy edilen genosidi hatyralap geçdi

Türkiyäniň Daşary işler ministrligi Ruanda döwletinde Tutsilere garşy edilen genosidiň 30-njy ýyly sebäpli ýazmaça beýannama berdi.

Ruandada 1994-nji ýylda Tutsilere garşy edilen genosidiň 30-njy ýylynyň uly gynanç bilen ýatlanyp geçilýändigi bellenen beýannamada, ýogalan adamlar ýene-de bir gezek hormat bilen hatyralanyp geçildi, dostlukly Ruanda döwletiniň we halkynyň gam-gussasynyň paýlaşylýandygy we gynanç bildirilýändigi habar berildi.

Beýannamada Ruandanyň geçen 30 ýyl möhletde jemgyýetçilik parahatçylygynyň we milli jebisligiň üpjün edilmegi, ykdysady we sosial galkynyşyň ýola goýulmagy taýdan ýeten sepgitleriniň takdyr bilen kabul edilýändigi, Ruandadaky parahatçylygyň, durnuklylygyň we abadançylygyň hemişelik bolmagy barada dileg edildi.

Kigali şäherinde 7-nji aprelde geçiriljek "1994-nji ýylda Tutsilere garşy edilen genosidiň 30 ýyllygyny ýatlamak çäresine" Türkiyäniň Daşary işler ministriniň orunbasary ilçi Ahmet Ýyldyzyň gatnaşjakdygy bellenen beýanatda: "Türkiyäniň adamzada, jynsparazlyga, yslamofobiýa, daşary ýurt duşmançylygyna we ekstremistik ideologiýa garşy jenaýatlaryň ähli görnüşlerine garşydygyny gaýtalap geçýäris" diýip habar berildi.

Ruandada 1994-nji ýylda Hutular döwrüň Döwlet baştutany Žýuwenal Habiarimananyň uçarynyň ýere gaçmagyndan jogapkär gören Tutsilere garşy genosid başladypdy. Ýurtda 100 gün dowam eden genositde 800 müňden gowrak Tutsi ýogalypdy.

Ýene degişli makalalar

Infantino FIFA-nyň prezident saýlawlarynda ýeňiş gazanjakdygyna ynanýar
Afrikanyň iň täsirli üç ýurdunyň biri
Afrikanyň iň täsirli üç ýurdunyň biri
Türkiýe Beýik Britaniýa nägilelik bildirdi
Togo we Gabon Milletler arkalaşygynyň agzalary boldy
Süleýman Soýlu bikanun immigrantlar bilen bagly beýannama berdi