Türkiýedäki türkmen raýatlary waksina sanjymyny urdurmakda kynçylyk çekýärler

Türkiýedäki türkmen raýatlary waksina sanjymyny urdurmakda kynçylyk çekýärler

Geçen hepdäniň ahyrynda Türkiýäniň saglyk ministri Fahrettin Goja bir günde 1,5 milliondan gowrak raýata COVID-19 ýokanjyna garşy sanjymyň edilendigini habar berdi. Ýerli media bolsa, 21-nji iýundan başlap 30 ýaşlylaryň hem şol sanjymy alyp biljekdigini ýazdy.

Emma Türkiýede ýaşaýan müňlerçe türkmenistanly zähmet migrantlarynyň köpüsi COVID -19 ýokanjyna garşy sanjymy alyp bilmeýändiklerini Azatlyk Radiosyna habar berýärler.

Şol raýatlaryň birisi Türkiýede ýaşaýan, 45 ýaşyndaky zähmet migranty Aýna hem koronawirus keseline garşy sanjymy alyp bilmeýändigini Azatlyk Radiosyna aýtdy.

“Men koronawirus keseline garşy sanjymy almak üçin köp ýerlere, şol sanda, Türkiýäniň Saglyk ministrligine hem ýüz tutdum. Emma siziň pasportyňyzyň möhleti tamamlanandygy üçin bu sanjymy edemizok diýip jogap berdiler. Men pasportymyň möhleti tamamlanandygy üçin häzir sanjymy alyp bilemok” diýip, Aýna habar berdi.

Türkiýede koronawirus keseline garşy sanjymy, esasan, döwlet keselhanalarynda alyp bolýar. Hususy keselhanalarda bu sanjym edilmeýär diýip türkmen raýatlary belleýärler.

Türkmenistanly 35 ýaşly zähmet migranty Merdan hem pasportynyň möhleti tamamlanandygy we saglyk ätiýajynyň ýokdugy sebäpli, sanjymy alyp bilmeýändigini Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

“Türkiýede ýaşamak rugsadyň bolmasa, köne pasport bilen sanjymy alyp bolanok. Meniň saglyk ätiýajym hem ýok. Eger ýaşamaga rugsadyň bolmasa, Türkiýede telefonyňa sim kard hem berilmeýär. Eger koronawirus keseline garşy sanjym etseler, almak isleýärin” diýip, Merdan nygtady.

Olar bu meseleler babatda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçihanasyna ýa-da konsulhanasyna telefon edenlerinde hiç bir netije alyp bilmeýändiklerini ýa-da käte telefona hiç kimiň jogap bermeýändiklerini hem nygtaýarlar.

Bu barada Aýna şeýle diýýär: “Men Türkmenistanyň Stambuldaky konsulhanasyna jaň etdim. Ol ýerä gideňde hem netije ýok. Sebäbi häzir Türkiýede ýaşamaga rugsadyň bolmandygy üçin koronawirus ýokanjyna garşy sanjym edilmeýär. Türkmenistanyň konsulhanasyndan hem hiç-hili netije alyp bilmedim” diýip, Aýna aýdýar.

Emma bular dogrysynda türkmen resmilerinden kommentariýa alyp bolmady.

“Men 61 ýaşymda we COVID-19 ýokanjyna garşy sanjymy almak isleýärin. Ýöne henize çenli eden aladalarym netije bermedi. Çünki, meniň pasportymyň möhleti tamamlandy we saglyk ätiýajym hem ýok” diýip, Türkiýede ýaşaýan adynyň tutulmagyny islemedik, 61 ýaşyndaky türkmen migranty Azatlyk Radiosyna aýdýar.

Ýeri gelende bellesek, 8-nji iýunda resmi media Türkmenistanyň "Migrasiýa barada" kanunyna watanyna dolanyp bilmeýän raýatlaryň pasportlarynyň möhletiniň uzaldylmagyna degişli üýtgetme girizilendigini ýazdy. Emma pasport bermegiň takyk düzgünleri we ýüz tutmagyň, arzalara garamagyň tertibi çap edilmedi.

Türkiýede ýaşaýan türkmen raýatlary koronawirus keseline garşy sanjymy almak isleýändiklerini, munuň üçin häkimiýetleriň gyssagly kömegine mätäçdigini belleýärler.

Bu dogrysynda 45 ýaşyndaky Aýna pikirini şeýle beýan edýär:

“Bize Türkmenistan döwleti Türkiýe döwleti bilen ylalaşyp, bize sanjym etdirmäge ýol açmaly. Bu diňe meniň däl-de, ýurtdaky birnäçe türkmenleriň talaby. Türkiýedäki müňlerçe türkmenistanly şeýle ýagdaýda we kesellän ýagdaýynda hem pasportynyň möhleti tamamlanandygy üçin ne hassahana ýüz tutup bilýäris, ne-de kömek alyp bilýäris ” diýip, Aýna Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde aýtdy.

61 ýaşyndaky türkmen raýaty bolsa, “Meniň ýaly COVID -19 ýokanjyna garşy sanjymy almak isleýän müňlerçe türkmenistanly bar. Emma biziň aladalarymyz entek netije berenok we biz häkimiýetleriň gyssagly kömegine umyt edýäris” diýýär.

Türk mediasynyň ýazmagyna göra, häzire çenli 41 million çemesi raýata koronawirus ýokanjyna garşy sanjym edildi. Ýurtda 5 milliondan gowrak adam koronawirus keseline ýolugdy we bu hassalykdan 49 müňden gowrak adam ýogaldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Söhbediň aýdymy bilen adygan
Fahrettin Altun TRT Arap kanalynyň işgärlerine garşy guralan hüjümi ýazgardy
Türkiye Gaza kömek bermäge dowam edýär
Türkiýeden Gaza 51 Konteýnerlik Lukmançylyk Enjamlary Kömegi Ugradyldy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Ynsanperwer Film Festiwalynda Baýraklar Gowşuryldy