Türkiýede ýer titremelerde ejir çekenlere täze öýleriň açary gowşuryldy

Türkiýede ýer titremelerde ejir çekenlere täze öýleriň açary gowşuryldy

Türkiýäniň Hataý ülkesinde geçen ýyl bolan güýçli ýer titremelerde ejir çekenlere täze öýleriň açarlary gowşuryldy diýip, 24KZ habar berýär.

7 müň 275 adama täze ýaşaýyş öýleriniň açarlaryny gowşurmak dabarasyna ýurduň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan gatnaşdy. Ol öňdäki iki aýyň içinde ýene 75 müň öýüň gurlup ulanmaga beriljekdigini habar berdi.

2023-nji ýylyň 6-nji fewralynda bolan güýçli ýer sarsgynlarynda Türkiýäniň ülkeleriniň 11-sinde 50 müňden gowrak adam pida boldy. Millionlarça adam öýsüz galdy.

Rejep Taýyp Ärdogan dabarada eden çykyşynda: - Ýylyň aýagyna çenli 200 müň öýi gurup, ulanmaga bereris. Biziň maksadymyz her ýyl 20 müňe golaý maşgalany ýaşaýyş öýi bilen üpjün etmekdir diýdi.

Ýene degişli makalalar

Gurbanguly Berdimuhamedow we Türkiýäniň Prezidenti ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy ugurlaryny maslahatlaşdylar
Türkiýäniň Prezidentine türkmenistanly çagalar türkmen tahýasyny we dutar sowgat berdiler
Ärdogan Bagdatda Yragyň Prezidenti bilen duşuşdy
Dünýä Liderleri Türkmenistanyň Prezidentini Oraza baýramy bilen gutladylar
Türkmenistanda Mukaddes Oraza baýramy bellenilýär
Telefon arkaly söhbetdeşlik